
Ermenistanyň Prezidenti TNGIZT-iň işi bilen tanyşdy
Şu gün Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenbaşy şäherindäki birnäçe senagat we infrastruktura desgalary bilen tanyşdy. Ozal habar berşimiz ýaly, Ermenistanyň Prezidenti BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana iş saparyny amala aşyrýar.
Ermenistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Waagn Haçaturýan, ilki bilen, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna baryp gördi. Ol zawodlar toplumynyň işi, nebitiň gazylyp alnyşyndan başlap, taýýar önümi öndürmäge çenli bolan tutuş önümçilik zynjyry, önümçilik kuwwatlyklary bilen tanyşdy. Şeýle hem Ermenistanyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary bilen gyzyklandy.
Soňra Prezident Waagn Haçaturýan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi. Oňa portuň mümkinçilikleri, şeýle hem gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş boýunça portda alnyp barylýan işler tanyşdyryldy.
Ozal Ermenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen şu gün gün duşuşyk geçirendigini habar beripdik.