
Awazada Türkmenistanyň we Ermenistanyň Prezidentleriniň arasynda duşuşyk geçirildi
Şu gün Awazada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Ermenistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýana BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Ermenistanyň Prezidenti, öz gezeginde, Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna foruma gatnaşmak baradaky çakylyk we görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi.
Prezidentler söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.