
Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Wan Ýun BMG-niň Awaza forumyna gatnaşýar
Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Wan Ýuny kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda myhman mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de myhman BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, halklary parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine has-da ýakynlaşdyrmakda möhüm ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany HHR-iň Başlygyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary bilen geçirilýän bu maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi hem-de her on ýyldan bir gezek geçirilýän bu çärä Wan Ýunuň hem gatnaşmagynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüşi gazanmak babatda alnyp barylýan işlere HHR-iň goşýan mynasyp goşandyny alamatlandyrýandygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň özara hyzmatdaşlygy giňeltmekdäki ähmiýetine ünsi çekip, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
«Biz soňky gezek şu ýylyň iýunynda Astanada «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky ikinji sammitiň çäklerinde netijeli gepleşikleri geçirdik. Biziň ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda hem netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki üstünlikli özara hereketleri muňa mysal hökmünde görkezmek bolar» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mundan beýläk-de ýakyndan goldaw beriljekdigini aýtdy.