Türkmenistan we Estoniýa özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Berkarar myhmanhanasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Estoniýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň ykdysady meseleler we ösüş boýunça orunbasary Mariin Ratnigiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ösdürmegiň geljegine garadylar we häzirki ýagdaýyna baha berdiler.

Şeýle hem halkara düzümleriň, hususan-da BMG we ÝB-niň çägindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Eston tarapy BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetini nygtady. Hususan-da sanlylaşdyrma pudagynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.

Diplomatlar sebit we halkara meseleler boýunça hem pikir alyşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli we bitarap syýasatynyň ähmiýeti nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk bellenildi.