Türkmenistan ÝUNESKO bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny ösdürýär

25-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna şu ýylyň güýzünde Samarkant şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklibi hödürledi. Şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň arasynda gol çekilen “Ýol kartasynyň” çäklerinde Türkmenistanda şu ýylyň awgustynda 5 ugur boýunça utgaşykly görnüşde halkara maslahaty geçirmek teklip edilýär. Şolaryň hatarynda sanly bilim we emeli aň; Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde emeli aňyň ähmiýeti; emeli aňy milli bilim we ylym ulgamyna ornaşdyrmakda halkara tejribeler; sanlylaşdyrmak we emeli aň tehnologiýalary arkaly bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak; milli hünärmenleriň hünär ukyplaryny ýokarlandyrmakda emeli aň tehnologiýalarynyň ähmiýeti ýaly ugurlar bar. Şunuň bilen baglylykda, maslahaty guramak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň jogapkär edip kesgitlenilmegi teklip edilýär.

Döwlet Baştutanynyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda baglaşylan Çarçuwaly ylalaşyk boýunça döredilen maksatlaýyn gaznanyň çäklerinde birnäçe taslamalary bu gaznanyň hasabyna maliýeleşdirmek hem teklip edilýär. Şolaryň arasynda «Biziň mirasymyz»; «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk»; Türkmenistanda geoseýilgähi döretmek; gadymy Amul galasynyň goragyny berkitmek ýaly taslamalar bar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.

Döwlet Baştutany BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek maksady bilen taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.