
Aşgabatda SPECA-nyň Ykdysady forumy we beýleki halkara çäreleri geçiriler
2025-nji ýylda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda (SPECA) başlyklyk etmeginiň çäklerinde, degişli meýilnama laýyklykda, noýabr-dekabr aýlarynda Aşgabat şäherinde SPECA-nyň Ykdysady forumyny, Dolandyryjy geňeşiniň 20-nji mejlisini hem-de ugurlar boýunça iş toparlarynyň duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen bilelikde “SPECA günlerini” guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Oňa maksatnama agza ýurtlaryň ýokary derejeli wekilleriniň, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de bu guramanyň beýleki ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, halkara bilermenleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. TDH-niň habar berşi ýaly, 25-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow bu halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň möhüm bolup durýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany wise-premýere şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynda başlyklyk etmegiň çäklerinde göz öňünde tutulan halkara çäreleri guramaga gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.