Türkmenistanyň Prezidenti güýzlük ekinleriň ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerinde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler. Hasabatlarda bellenilişi ýaly, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär. Gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişi dowam edýär.

Häkimler şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, geljek ýyl üçin oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we bu babatda häkimlere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurduň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Hasabatda Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýändigi barada-da aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň binýady bolup durýandygyny, şoňa görä, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak, serişdeleri netijeli peýdalanmak arkaly pudagyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurdygyny belledi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmeginiň, gowaçalaryň hatarara bejergi, ujuny çyrpmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, zyýan berijilere garşy göreş işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi, welaýatlaryň bugdaý oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, güýzlük bugdaý ekişinde ulanyljak ekijileri, beýleki tehnikalary möwsüme talabalaýyk taýýarlamagy, güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly meýdanlarynda ideg etmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny gazanmak, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ekişine gözegçilik etmek, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, howanyň aşa gyzýan günlerinde ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilişini, hususan-da, elektrik togundan, tebigy gazdan we suwdan peýdalanylyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu barada TDH ýazýar.