
Türkmenistanyň Prezidenti 6 aýyň jemleri boýunça Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. TDH-niň habar berşi ýaly, onda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar gatnaşdylar.
Hökümet mejlisiniň barşynda ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere-de garaldy.