Lebap we Mary welaýatlaryna täze häkimler bellenildi

Lebap welaýatynyň häkimi Maksat Kowusowiç Annanepesow wezipesinden boşadyldy. Şeýle-de Mary welaýatynyň häkimi Begençmyrat Sapargeldiýewiç Orazow eýeleýän wezipesinden boşadyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde degişli Permanlara gol çekdi.

Döwlet Baştutanynyň Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň barşynda gol çeken degişli Permanlaryna laýyklykda:

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Meýmanowiç Genjiýew, şol bir wagtda, Lebap
welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi.

Mary welaýatynyň häkimi wezipesine bolsa Döwranberdi Orazberdiýewiç Annaberdiýew bellenildi.