
BMG-niň Awazadaky forumynda žurnalistler üçin zerur şertler dörediler
Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek toplumynyň binalarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen hem gyzyklandy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, BMG-niň howandarlygynda geçiriljek forumda çykyş edýänler, terjimeçiler hem-de forumyň geçişini beýan edýän žurnalistler üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigi, bu ýerde aragatnaşyk we internet ulgamlarynyň sazlaşykly, bökdençsiz işiniň ýola goýulmalydygy barada-da aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, bu babatda meýletinçileriň alyp barýan işlerine möhüm ähmiýet berilmelidir. Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň taýýarlan maglumatlaryny öz ugurlary boýunça iberip bilmekleri üçin zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulmalydyr. Şeýle hem binalarda ses akustika meseleleri ýokary derejede çözülmelidir. Munuň özi halkara forumyň dünýä giňişliginde doly derejede wagyz edilmegine oňyn täsirini ýetirer.
Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadag öňde boljak halkara forumyň köp ugurlary öz içine almalydygyny belledi we bu babatda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmezligi bilen bagly maslahatlary berdi.
Forumyň çäklerinde Türkmenistan bilen BMG-niň gatnaşyklaryna bagyşlanan wideoşekilleriň taýýarlanylmalydygy hakynda hem aýdyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň foruma gatnaşyjylar üçin niýetlenen naharhanasynda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda guran çaý başyndaky söhbetdeşliginde-de halkara maslahatyň guramaçylyk derejesi, oňa gatnaşýanlaryň özara duşuşyklara, gepleşiklere gatnaşmaklary hem-de forumyň metbugat serişdelerinde giňden wagyz edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini aýdyp, bu babatda öwüt-nesihatlaryny berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.