Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada halkara foruma taýýarlyk görlüşi bilen tanyşdy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksadynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen bardy we foruma taýýarlygyň derejesi, bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Awaza» köpugurly sport toplumynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan şekil taslamalar, halkara maslahata taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan guramaçylyk işleri barada maglumat berdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň ähli çäginde, ilkinji nobatda, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, halkara forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, onuň dolandyryş binasynyň enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigi, dolandyryş merkezinde maslahatyň guramaçylyk ýagdaýynyň ähli ugurlarynyň gözegçilikde saklanylmalydygy barada aýdyldy.

Halkara forumy guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň anyk meýilnama esasynda alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, Gahryman Arkadag bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň ähmiýetini belledi.

Forumyň geçirilýän ýerinde dünýäniň dürli dillerinde degişli ýazgylaryň, şygarlaryň göze gelüwli ýagdaýda ýerleşdirilmelidigi, halkara maslahata gatnaşyjylaryň forum bilen baglanyşykly isleg-arzuwlarynyň içgin öwrenilmelidigi barada hem aýdyldy. Şeýle-de Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlykdan habar berýän wideoýazgylaryň görkezilmelidigi bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde görkezilýän şekil taslamalar bilen tanyşdy. Hususan-da, halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde toplumyň abadanlaşdyrylyş we enjamlaşdyrylyş derejesine, onuň bölümlerinde döredilýän şertlere degişli taslamalar, çyzgylar görkezildi. Şol bir wagtyň özünde, toplumyň binalarynyň aýratynlyklary, halkara forumyň çäklerinde göz öňünde tutulýan duşuşyklaryň we degişli ugurlar boýunça bölümlerde boljak maslahatlaryň geçiriljek otaglarynyň taýýarlyk derejesi barada maglumatlar berildi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy.