
Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherindäki gurluşyklary synlady
Habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag we Aşgabat şäherleri boýunça iş saparyny amala aşyrdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny dikuçarda amala aşyrdy. Aşgabatdan Arkadag şäherine dikuçarda ugur alan Gahryman Arkadag uçuşyň dowamynda ýurduň paýtagtynyň çäklerinde bar bolan binalary, şol sanda täze gurulýan saglyk merkezlerini synlap, olaryň ýagdaýy, gurluşyklarda alnyp barylýan işleriň derejesi bilen tanyşdy.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda guşuçar belentlikden Arkadag şäheriniň çäginde gurulýan binalaryň aýratynlyklaryny we lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynyň, haly kärhanasynyň ýerleşýän ýerlerini hem-de gurluşyga girişmek üçin ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň ýagdaýyny, täze şäherde bina edilýän metjidiň gurluşygyny synlady.
Halk Maslahatynyň Başlygynyň dikuçary Arkadag şäheriniň ýokarsynda öwrüm edip, paýtagt şäher Aşgabada tarap ugur aldy. Soňra dikuçar Aşgabatda ýerleşýän Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň hassahanalar toplumynyň ýokarsynda öwrüm etdi.
Gahryman Arkadag bu lukmançylyk edaralarynyň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly meselelere taýýarlyk görmek babatda, şeýle-de durmuş maksatly desgalar bilen baglylykda degişli maslahatlaryny, degerli nesihatlaryny berdi.