Türkmenistanyň we Merkezi Afrika Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

2-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Merkezi Afrika Respublikasynyň daşary işler, frankofoniýa we daşary ýurtdaky merkezi afrikalylaryň işleri boýunça ministri Silwi Baýpo Temonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) görülýän taýýarlyk işleri barada pikir alyşdylar diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.