Türkmenistanyň Baş prokuroryna täze orunbasar bellenildi

Ýustisiýanyň geňeşçisi Begenç Ýazmuhammedowiç Gurbangulyýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Muhammetmyrat Gurbanmyradowiç Sapargulyýew bellenilip, ol Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine bagyşlanyp şu gün geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda degişli Karara gol çekdi.

Resminama «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda kabul edildi.