Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen hem duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderini Arkadag şäheriniň açylmagynyň 2 ýyllygy bilen gutlady.

Şeýle hem myhman Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Gahryman Arkadaga iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunda «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Daewoo» kompaniýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy koreý kompaniýalarynyň Arkadag şäherinde gurulýan medisina klasterinde hem iş alyp barýandygyny belledi we «Daewoo» kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirjekdigine ynam bildirdi.

Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge döredilýän şertler üçin hoşallyk bildirdi.