Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (MAGATE) arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan ýadro ylmyny parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanmak, ýagny lukmançylyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmek hem-de durmuşa geçirmek boýunça MAGATE bilen hyzmatdaşlyk edýär. MAGATE bilen hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek, milli we halkara tejribä laýyklykda ulgamlaýyn esasda alyp barmak, şeýle hem Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin iş meýilnamasynyň degişli bentlerini durmuşa geçirmek maksady bilen, birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Hökümet mejlisinde şol teklipler döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Hususan-da, Türkmenistan bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, 2025 – 2029-njy ýyllar üçin agentligiň Türkmenistan üçin ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasyna gol çekmek teklip edilýär. Bu resminamada indiki bäş ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen agentligiň arasynda ileri tutulýan ugurlar, ýetilmeli sepgitler, ýerine ýetirilmeli işler hem-de bu işleriň möhletleri kesgitlenilýär we düzgünleşdirilýär.

Soňra 1960-njy ýylda güýje giren «Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň artykmaçlyklary we goraglylyklary hakynda Ylalaşyga» Türkmenistanyň goşulmagy baradaky teklip beýan edildi.

Şeýle hem şu ýylyň 15 – 19-njy sentýabry aralygynda Wena şäherinde geçiriljek Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş konferensiýasynyň 69-njy mejlisine Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmek teklip edilýär. Agzalan mejlisiň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Suw serişdelerini dolandyrmakda atom ylmyny ulanmaga bagyşlanylan foruma guramanyň Baş direktorynyň adyndan aýratyn çakylyk hatynyň gelip gowşandygy bellenildi. Suw diplomatiýasynyň ýurduň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini göz öňünde tutup, bu çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara derejede öňe sürýän başlangyçlaryny beýan etmek teklip edilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna şu ýylyň 10 – 14-nji noýabry aralygynda MAGATE bilen bilelikde Ýadro we beýleki radioaktiw materiallary üçin howpsuzlyk kadalary boýunça sebitleýin okuw maslahatyny Aşgabat şäherinde geçirmek baradaky teklip hem hödürlenildi. Bu sebitleýin maslahata Türkmenistanyň wekilleri bilen bir hatarda, Merkezi Aziýa, Kawkaz ýurtlaryndan hem-de Aziýa sebitiniň beýleki ýurtlaryndan hünärmenleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Şeýle hem ýurtda onkologiýa keselini bejermek boýunça bilelikdäki hereketlere syn boýunça maksatnamany (ImPACT) durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň 8 – 13-nji sentýabry aralygynda guramanyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramak teklip edilýär. Bu syny Atom energiýasy boýunça halkara agentlik, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Onkologiýa barlaglary boýunça halkara agentlik bilen bilelikde amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmekden ybarat bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministrine Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy.