Raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklandy

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde degişli Karara gol çekdi.

Resminama Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek we amala aşyrmak maksady bilen kabul edildi.

Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow agzalan Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe iberdi we degişli tabşyryklary berdi.