Türkmenistan Gonduras bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistan bilen Gonduras Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. 12-nji iýunda Nýu-Ýork şäherindäki Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen Gonduras Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlandygy hakynda Bilelikdäki beýannama gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.

Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Gonduras Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Meri Elizabet Floresiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem halkara guramalaryň, esasan hem, BMG-niň çägindäki özara gatnaşyklary göz öňünde tutmak bilen, ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Gondurasyň Hökümetlerini we halklaryny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen gutladylar diýlip, habarda bellenilýär.