Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy

Şu gün Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Gazagystanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, ýurduň Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryna we köpugurly hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Şeýle hem bu ýokary derejedäki duşuşygyň we onuň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň sebitiň ýurtlary bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.