
Nebit we gazhimiýa önümleri boýunça ýük amallaryny geçirmegiň düzgünleri döwrebaplaşdyrylar
Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmek boýunça kadalaşdyryjy-gözükdiriji resminamalary kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, degişli döwlet edaralary bilen bilelikde bu ugurda ýerine ýetirilen işleriň netijesinde “Türkmenistanyň deňiz portlarynda we port nokatlarynda nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri daşary ýurtlara ýüklenip iberilende ýük amallaryny geçirmegiň Düzgünleriniň” taslamasy taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Döwlet Baştutany nebit, nebit önümleri we gazhimiýa önümleri boýunça ýük amallaryny geçirmegiň düzgünlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada TDH ýazýar.