Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň DIM-leriniň arasynda geňeşmeler geçirildi

8-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalary departamentiniň direktory R.Annaberdiýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalary departamentiniň direktory K.Logwinowyň arasynda geňeşmeler geçirildi diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

2025–2026-njy ýyllar üçin iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna laýyklykda geçirilen geňeşmeler Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna bagyşlandy.

Duşuşygyň dowamynda BMG-niň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça jikme-jik pikir alşyldy. Taraplar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda öz ýurtlarynyň ileri tutulýan ugurlary we başlangyçlary barada giňişleýin maglumat berdiler.

Diplomatlar BMG-niň çäklerinde dostluk, özara hormat goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga bolan özara gyzyklanmalaryny beýan etdiler diýlip, habarda bellenilýär.