
Türkmenistan Portugaliýada geçiriljek «Web Sammit 2025» maslahatyna gatnaşmaga çagyryldy
7-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Portugaliýa Respublikasynyň daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Ana Izabel Ksawýer bilen duşuşdy.
Duşuşygyň başynda myhman BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) üstünlikli geçirilendigini belläp, görkezilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň DIM-iniň berýän habaryna görä, söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çägindäki gatnaşyklara garaldy.
Diplomatlar okeanografiýa, sanlylaşdyrma we beýleki özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan Ana Izabel Ksawýer türkmen tarapyny şu ýyl Portugaliýada geçiriljek «Web Sammit 2025» maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan konstruktiw hyzmatdaşlygy berkitmäge isleglerini beýan etdiler.