
ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
7-nji awgustda bolan duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar şu ýylyň aprel aýynda geçirilen ilkinji «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» sammitiniň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» strategiýasynyň çäginde energetika we ulag geçelgelerini ösdürmek, sanlylaşdyrma we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar «Türkmenistan — ÝB» bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara dialogyň we hyzmatdaşlygyň beýleki mehanizmleriniň yzygiderli işiniň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.