
Mejlisiň Başlygy Sloweniýanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy
7-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alenka Suhadolnigiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde geçirildi diýlip, Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde ulag-logistika ulgamynyň möhüm orun eýeleýändigi barada aýdyldy.
Taraplar iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň, şeýle hem söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, syýahatçylyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Iki ýurduň iri halkara guramalaryň çäklerinde hem birek-biregiň başlangyçlaryny goldap çykyş edýändiklerine, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolýandygyna üns çekildi. Özara bähbitli bu hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyna ynanmalar beýan edildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelere, şol sanda parlament çärelerine Sloweniýa Respublikasynyň Parlamentiniň wekillerini gatnaşmaga çagyrdy.