Türkmenistan Eswatini bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

5-nji awgustda Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Degişli resminama Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Abu-Dabidäki ilçihanasynyň instagram sahypasynda habar berildi.

Teswirnama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Eswatininiň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Folile Şakantu gol çekdi.

Bu ylalaşyk hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açýar. Türkmenistan Eswatini bilen energetika, oba hojalygy we durnukly ösüş boýunça tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýär.

Ýeri gelende bellesek, Afrika yklymynyň günortasynda ýerleşýän ýurt bolup, ilaty 1 milliondan gowrak. Ýurduň tutýan meýdany 17 müň 364 kwadrat kilometr bolup, şonuň 17 204 kwadrat kilometri gury ýerden ybarat.

Eswatini BMG-niň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we Afrika Bileleşiginiň agzasy hasaplanýar.