Nepal Türkmenistan bilen bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen gelen Nepalyň Premýer-ministri Şarma Oli bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda Nepalyň Premýer-ministri bildirilen myhmansöýerlik we çakylyk üçin hoşallygyny beýan edip, bu forumyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletlerde ýaşaýan halklaryň ýagty geljegi ugrunda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ähmiýetini belledi hem-de onuň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň bu ýurtlaryň ykdysady ösüşine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň dürli ýurtlar bilen, şol sanda Aziýa döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi we ýurduň Nepal bilen hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri ulanmaga taýýardygyny aýtdy. Şunda häzirki wagtda ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy, saglygy goraýyş, bilim we ylmy-barlag ulgamlarynda tejribe alyşmak boýunça iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany iki ýurduň halklarynyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň, sungat we döredijilik ugrundaky hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň hem möhümdigini belläp, Türkmenistanyň Nepal bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça netijeli teklipleri goldamaga taýýardygyny beýan etdi.