
BMG-niň Awaza maslahaty: birinji günüň netijeleri boýunça brifing geçirildi
Düýn BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň birinji gününiň netijeleri boýunça brifing geçirildi.
Onda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş edip, forumyň geçişine syn berdiler diýip, TDH ýazýar. Bellenilişi ýaly, ilki bilen, abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna bu möhüm wekilçilikli forumyň üstünlikli geçirilmegi babatdaky tagallalar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Antoniu Guterriş türkmen tarapynyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň çemeleşmesine ýokary baha berdi.
Maslahatda ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň wajypdygyny nygtap, Antoniu Guterriş geografik taýdan ýerleşişi sebäpli hiç bir ýurduň ünsden düşürilmeli däldigine ünsi çekdi we BMG-niň DÇBÖBD-ni goldamaga berk ygrarlydygyny tassyklady.
Öz nobatynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş sekretaryna maslahata gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, forumyň umumy mejlisi barada habar berdi. Onda döwlet we hökümet Baştutanlary, BMG-niň ýokary wezipeli işgärleri, halkara guramalaryň, maliýe edaralarynyň, ylmy toparlaryň, raýat jemgyýetiniň, hususy ulgamyň wekilleri çykyş etdiler.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň giň gerimli maksatnamasy öňde goýlan maksatlaryň örän uludygyna hem-de möhümdigine şaýatlyk edýär.
Esasy çäreleriň hatarynda Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryna serediljek “tegelek stoluň” başyndaky ýokary derejeli söhbetdeşlikleriň bäşisi, parlamentarileriň, raýat jemgyýetiniň, hususy ulgamyň, ýaşlaryň, zenanlaryň wekilleriniň gatnaşmagyndaky forumlar, Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy babatda ministrler derejesindäki we ulag boýunça duşuşyklar, sebitleriň arasynda tejribe alyşmak maksady bilen geçirilýän ýörite çäreler bar. Bu forumlar maslahatyň netijeli häsiýete eýedigini tassyklap, wehimleri mümkinçiliklere we ösüşe öwürmek babatda umumy ygrarlylygyň görkezijisine öwrüldi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan şu maslahata diňe bir möhüm meseleleri çözmekde kömek bermek üçin binýat hökmünde däl, eýsem, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen çözgütleri kemala getirmek üçin mümkinçilik hökmünde hem garaýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen başlangyçlara üns çekildi.
Brifingiň dowamynda Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bu maksatnama inklýuziw jemgyýeti gurmak, ykdysadyýeti ösdürmek, infrastrukturany, bilimi kämilleşdirmek, öňdebaryjy, innowasion tehnologiýalara giň elýeterliligi üpjün etmek, söwda geçelgelerini ösdürmek, sebitiň çäklerinde ýakynlaşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda geljek on ýyllyk üçin bilelikdäki işiň meýilnamasyna öwrüler.