
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlary maslahatlaşyldy
BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Patruşew bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH ýazýar.
Bellenilişi ýaly, Dmitriý Patruşew giň gerimli halkara maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Awazada geçirilýän halkara maslahatyň ýokary derejede guralandygy bilen gutlady. Şeýle-de ol Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň iberen salamlaryny hem-de aýdan hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.
Gahryman Arkadag hoşniýetli gutlaglar üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine we Hökümetiniň Başlygyna özüniň iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda söwdanyň we özara haryt dolanyşygynyň möçberleri yzygiderli artýar. Netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Gahryman Arkadag hyzmatdaşlygyň dowamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça oňyn tejribe toplanandygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda özara bähbitli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirildi.