Mejlisiň Başlygy BMG-niň Ilat Gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Florens Baueriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde geçirildi diýlip Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.

Taraplar hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, ony mundan beýläk hem ösdürilmegini goldaýandyklaryny beýan etdiler. Şu nukdaýnazardan, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin UNFPA-nyň Türkmenistan boýunça ýurt Maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmeginiň çäginde bilelikdäki işleriň netijeliligi nygtaldy.

Türkmen tarapy ýurtda Ilat Gaznasy bilen bilelikde enäniň we çaganyň saglygyny goramak, maşgalany we ýaşlary goldamak, gender deňligini gazanmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işler hem-de bu ugurda kabul edilen kanunlar barada maglumat berdi. Myhman zenanlaryň maşgala ýagdaýy we saglygy barada seljermeler, gender deňliginiň üpjün edilmegi, ilatyň durmuş goraglylygynyň, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi ugrunda milli kanunçylygy kämilleşdirmek babatda ýakyndan işleşmäge taýýardygyny beýan etdi.