Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

«Siziň parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygyňyzda Özbegistan Respublikasynyň mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna berk ynanýaryn. Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we strategik gatnaşyklaryň berkidilmegine Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine has-da giňeldiljekdigine ynam bildirýäris» diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belleýär.

Hormatly Prezident ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we maşgala abadançylygyny, alyp barýan döwlet işlerinde täze üstünlikleri, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.