
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda Geýdar Aliýewiň guburyna gül goýdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana saparynyň çäklerinde azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan hormat meýdançasyna bardy.
Gahryman Arkadag bu ýerde Azerbaýjanyň görnükli döwlet we syýasy işgäri Geýdar Aliýewi hatyralap, onuň guburyna gül goýdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň käbesiniň guburyna gül çemenini goýdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy soňra «Ýeňiş» ýadygärlikler toplumyna bardy we öz Watany üçin janyny gurban eden Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.