
Oba milli maksatnamasy rejelenen görnüşde kabul edildi
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» tassyklanyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde degişli Karara gol çekdi.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatlarda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak we öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin olaryň ýerine ýetirilişini kämilleşdirmek we güýçlendirmek maksady bilen kabul edildi.