Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň gallaçylaryny zähmet ýeňşi bilen gutlady

Türkmen gallaçylary Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 1 million 407 müň tonnasyny tabşyryp, uly zähmet ýeňşini gazandylar we şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine Gutlag ýollady.

«Watan» habarlar gepleşiginde beýan edilişi ýaly, döwlet Baştutany Gutlagynda ussat kärendeçileriň, hususy önüm öndürijileriň, mehanizatorlaryň, alymlaryň, galla hasylyny ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp barýan her bir oba hojalykçynyň agzybir hem-de yhlasly çeken zähmeti netijesinde şeýle belent sepgide ýetilendigini, bugdaýyň bol hasylynyň öndürilip, gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde ýurduň gallaçylyk bilen meşgullanýan öňdebaryjy daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň, ähli oba hojalyk işgärleriniň her biriniň mynasyp goşandynyň bardygyny nygtaýar.

— Biz babadaýhan kesbini üstünlikli dowam etdirýän edermen gallaçylarymyzyň öndürijilikli zähmet çekmegi, mele toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmet çekip baýamagy üçin mundan beýläk hem giň mümkinçilikleri dörederis — diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gutlag hatynda belleýär.