Türkmenistan Ýewropanyň Maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň (ÝMGB) Aziýa sebiti boýunça baş karz hünärmeni Dawid Mongussiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmäge we kämilleşdirmäge gönükdirildi. Bu ugurda taraplar uzakmöhletleýin özara gatnaşyklaryň durnukly esasyny üpjün etjek çarçuwaly ylalaşyklaryň baglaşylmagy barada pikir alyşdylar.

Ilçi Türkmenistan tarapyndan Ýewropanyň öňdebaryjy maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine strategiki gyzyklanmanyň bardygyny nygtap, şeýle hyzmatdaşlygyň durnukly ykdysady ösüşi, infrastrukturany kämilleşdirmegi, «ýaşyl» energetikany we sanly çözgütleri üpjün etmekde milli derejede ileri tutulýan ugurlaryň durmuşa geçirilmegine ýardam berýändigini belledi.

Taraplar anyk maýa goýum taslamalaryna taýýarlyk görmek boýunça özara gatnaşygy işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar we degişli hyzmatdaşlyk hakyndaky özara düşünişmek Ähtnamalaryny işläp düzmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. ÝMGB-niň wekilleri öz gezeginde gepleşikleriň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny belläp, hyzmatdaşlygyň amaly tapgyryna geçmäge gyzyklanma bildirdiler.

Söhbetdeşligiň çäginde 2025-nji ýylyň awgust aýynda Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň wise-prezidenti Kariakos Kokoriusyň Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňiz çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýändigi bellenildi.