Türkmenistanyň ilçisi Brýusselde geçirilen duşuşyga gatnaşdy

Brýusselde Ýewropa Komissiýasynyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Baş direktoratynyň (DG INTPA) sebitleýin direktory Peteris Ustupsyň hem-de Ýewropa Bileleşiginde akkreditirlenen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda «Merkezi Aziýa – ÝB» formatyndaky ilkinji sammitiň netijeleri, şeýle hem 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler, hususan-da, «ÝB — Merkezi Aziýa» Maýa goýum forumy we Ykdysady forum bilen baglanyşykly taýýarlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çäreleriň sebitleriň arasynda ulag, söwda we energetika ugurlaryndaky gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen anyk taslamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy we öňe ilerledilmegi üçin möhüm meýdança bolmagyna garaşylýar.

Duşuşykda Ýewropa maliýe institutlary, şol sanda Ýewropanyň Maýa goýum banky we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy başlangyçlary amala aşyrmakdaky ornuna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow öz ýurdunyň bilelikdäki taslamalaryň işjeň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, strategiki gepleşiklerden anyk ýerine ýetiriji hereketlere geçmegiň möhümdigini nygtady. Esasy ugurlaryň hatarynda halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi, möhüm çig mal serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk, şeýle hem «ýaşyl» energetika we durnukly ösüş taslamalary görkezildi.

Duşuşyga gatnaşan taraplar Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly we institusional derejedäki gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň ähmiýetini bellediler. Bu gepleşikleriň syýasy ylalaşyklary ykdysady ösüşi hem-de sebitleýin arabaglanyşygy goldaýan hakyky taslamalara öwürmäge ýardam bermegine garaşylýar.