
Serdar Berdimuhamedow Donald Trampa gynanç hatyny iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda ABŞ-nyň Tehas ştatynda Guadalupa derýasynyň joşmagy netijesinde heläk bolanlary hasaplaýarlar. Düýn olaryň sany 24 bolan bolsa, bu gün 50 adama ýetdi. Associated Press» 15 çagany hem goşmak bilen, 43 adamyň gurban bolandygyny ýazdy. Çagalaryň tomusky dynç alyş merkezlerinde dereksiz ýitenleriň sany 20-ä ýetdi.
Çabga ýagyşlary netijesinde Guadalupa derýasynyň suwy 45 minutda sekiz metr ýokarlandy.
Ýerli häkimiýetler gözleg-halas ediş işleri netijesinde 850 adamyň halas edilendigini habar berdi. Gözleg-halas ediş işlerine 1700-den gowrak adam gatnaşdy.
Howp heniz hem saklanýar, sebäbi, merkezi Tehasyň käbir etraplarynda güýçli ýagyşlar netijesinde garaşylmadyk sil joşgunlarynyň bolmagyna garaşylýar.