
Görnükli rus syýasatçysy Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň netijeliligine ýokary baha berdi
«Türkmenistan» halkara žurnalynyň nobatdaky sanynda «Sanyň mowzugy» atly umumy sözbaşynyň astynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara işleri boýunça komitetiniň başlygy Grigoriý Karasiniň «Strategik hyzmatdaşlygyň esaslary: bitaraplyk syýasaty rus-türkmen gatnaşyklarynyň ulgamyna mäkäm ornaşandyr» atly makalasy çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Makalada türkmen bitaraplygynyň özboluşlylygy barada söz açylmak bilen, onuň Merkezi Aziýa sebitinde, şeýle hem ählumumy derejede parahatçylygy döretmek maksady bilen peýdalanmak tejribesiniň şübhesiz ähmiýeti nygtalýar.
Görnükli rus syýasatçysy we döwlet işgäri Türkmenistanyň BMG-niň Tertipnamasynyň esas goýujy maksatlarynyň we ýörelgeleriniň berk berjaý edilmegine daýanýan deňhukukly hem-de deňagramly döwletara dialog baradaky garaýyşlarynyň Russiýanyň halkara işlerindäki çemeleşmelerine laýyk gelýändigi barada nygtaýar.
Awtoryň pikirine görä, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli hem-de ynamly häsiýete eýe bolmagyna itergi berýärler.
Makalada köptaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy babatda türkmen-rus gatnaşyklarynyň yzygiderli ösmegi üçin ähli zerur şertleriň — «syýasy erkiň, ykdysady maksadalaýyklygyň, daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynda umumylyklaryň we iň esasysy bolsa, halklaryň ysnyşykly, ynamly gatnaşyklary saklamaga bolan ymtylmasynyň» bardygy bellenilýär.
Parlamentara hyzmatdaşlyk mowzugyna degip geçmek bilen, rus senatory türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen-rus gatnaşyklarynyň bu ugruny pugtalandyrmaga goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandyny nygtaýar.
Şeýle-de makalada çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň raýatlarynyň esasy bähbitlerine laýyk gelýändigi aýdylýar. Hut şu möhüm faktor hem köp babatda Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam berýär diýlip, bellenilýär.