
Türkmen wekiliýeti YHG-nyň 17-nji sammitine gatnaşýar
Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjanda iş saparynda bolýar.
Ozal habar berşimiz ýaly, düýn türkmen wekiliýeti Azerbaýjanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. Şeýle-de günüň ikinji ýarymynda daşary işler ministri R.Meredow wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde Agdam şäherindäki «Imaret» taryhy-binagärlik toplumyna baryp gördi. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.
Agdam şäheri Azerbaýjanyň günbatar böleginde, Garabag sebitinde ýerleşýär. 2021-nji ýyldan bäri, bu ýerde şäher infrastrukturasy işjeň dikeldilýär: täze mekdepler, çagalar baglary, ýaşaýyş jaýlary, döwlet edaralarynyň binalary gurulýar.
«Imaret» toplumynda Garabag hanlygynyň esaslandyryjysy Panah Alyhanyň köşgi we mawzoleýi ýerleşýär. 2024-nji ýylda toplum täzeden dikeldiş işleri we arheologik barlaglardan soňra açyldy.
Şeýle-de bu ýerde Garabag bedewleriniň seýilgähi hem-de interaktiw muzeý döredilipdir. Wekiliýetleriň ýolbaşçylary toplumda döredilen şertler we abatlaýyş-dikeldiş işleri bilen tanyşdylar. Ýokary derejeli myhmanlar üçin Garabag sebitiniň baý medeniýetini we däp-dessurlaryny şöhlelendirýän, Garabag bedewleriniň gatnaşmagynda taýýarlanan «Zafer» («Ýeňiş») atly baýramçylyk çäreleriniň ajaýyp çykyşlary görkezildi.
Şu gün — 4-nji iýulda Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 17-nji sammiti geçirilýär. Sammitde gurama agza ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.