
6 aýyň jemlerine bagyşlanan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Mejlisde ilki Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurduň goranyş ukybyny berkitmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda harby gulluga çagyrmak çäresiniň netijeleri hem-de harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň goranyş häsiýetli Harby doktrinasy hem-de häzirki zaman talaplary esasynda, Ýaragly Güýçleri kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutany ýurduň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe häzirden başlap gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine dabaraly harby ýörişi ýokary derejede geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, ozal berlen tabşyryklaryň, degişli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, düzümleriň işini kämilleşdirmek, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabatlary berdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, ýurduň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we bu ugurdaky işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini nygtady.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.