Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, işewür türkmen döwletiniň Baştutanyna duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda iş alyp barmagyň öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belledi.

Myhman pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanda Arkadag şäheriniň açylmagynyň 2 ýyllygy bilen gutlady hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen özara hormat goýmaga, ynanyşmaga we düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi, bu ýurduň «Daewoo» kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýandygy bellenildi.

Söhbetdeşlikde «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Daewoo» kompaniýasynyň arasynda Türkmenabatdaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak barada şertnama baglaşylandygy barada hem aýdyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow munuň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyryň başlanýandygyny görkezýändigini belledi we kompaniýanyň ähli işgärlerine bu taslamany amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Işewür geljegi uly türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaga döredilýän mümkinçilikler üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.