
«Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler
Türkmenistanda “Sanly çözgüt — 2025” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 13-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hasabatynda aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, ýurtda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guralýan bu bäsleşigi emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, “akylly” oba hojalyk tehnologiýalary, “akylly” şäher, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça geçirmek meýilleşdirilýär. Bäsleşikde hödürleniljek taslamalar milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna sanly çözgütleri we täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Agentligiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurtda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyp, her ýyl geçirilýän innowasion taslamalaryň bäsleşigine programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlaryň giňden gatnaşmagynyň bu ugurdaky özgertmeleriň rowaçlanýandygyny görkezýändigini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti «Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.