HABARLAR

Ýurdumyzda “sanly.tm” atly ilkinji milli elektron poçtasy we “tmchat” messenjer programma üpjünçiligi işe girizildi.


“Sanly.tm” milli elektron poçtasy 3 dilde ýagny, türkmen, rus we iňlis dillerinde ulanmak mümkinçiligine eýedir. Bezegi milli görnüşinde taýýarlanan elektron poçtasynyň göwrümi 1 Gb barabar bolup öz içinde senenama, ýazgylar, çat we beýleki ygtybarly mümkinçilikleri jemleýär. Bu programma çözgüdi elektron poçta hyzmatlaryndan doly ýagdaýda milli görnüşinde peýdalanmak mümkinçiligini berýär.

“Tmchat” messenjer programma üpjünçiligi köp sanly halkara jemgyýetçilik torlary bilen bäsleşik edip biljek derejede döredilen we bu programma üpjünçiligini noutbuklarda, netbuklarda, şahsy kompýuterlerde, planşetlerde, smartfonlarda hem-de “akylly” sagatlarda türkmen, rus we iňlis dillerinde ulanmak bolar. Bu programma üpjünçiliginiň üsti bilen sesli sms-habarnamalaryny, suratlary, wideoşekilli faýllary ibermek, wideo we audio jaňlar arkaly habarlaşmak mümkinçilikleri döredilen. Bu programma üpjünçiliginiň "Habarlar" bölüminde, ýurdumyzda bolup geçýän täzelikler we habarlar bilen yzygiderli tanyşmak bolar.