HABARLAR

Turkmenpoçta “Çapar” programmasynyň amatlyklaryndan peýdalanmaga çagyrýar


Turkmenpoçta “Çapar” programmasynyň amatlyklaryndan peýdalanmaga çagyrýar

“Türkmenpoçta” Poçta aragatnaşyk kompaniýasy “Çapar” programma  üpjünçiliginiň ulanylyşyny ýola goýandygyny we bu programma üpjünçiligi arkaly hyzmatlaryň käbir görnüşlerini töläp bolýandygyny şeýle hem paýtagtymyzyň çägine we Türkmenistanyň beýleki şäherlerine poçta, banderol ýollamasynyň resmileşdirilişini elektron görnüşinde amala aşyryp bolýandygyny habar berýär.

Häzirki wagtda programma üpjünçiliginiň “Tölegler” funksiýasynda PÝGG jerimeleriniň, “AŞTU” we “Telekom” kärhanalary tarapyndan berilýan öý interneti hyzmatyny ulanmak üçin abonent töleginiň, IP-TV we öý telefonynyň töleglerini amala aşyrmak, şeýle-de öýjükli telefonyň hasabyny doldurmak mümkindir. Bulardan başga-da bu mobill goşundysyna beýleki töleg hyzmatlarynyň birikdirilmegi hem meýilleşdirilýär, muňa mysal edip bolsa, kabel teleýaýlymy üçin tölegleri aýdyp bolar. Töleg öýjükli telefon belgisi birikdirilen bank kartasy arkaly amala aşyrylýar.

“Çapar” funksiýasy öýüňize çapar çagyryp, şäheriň içine we Türkmenistanyň beýleki şäherlerine 2-3 günüň dowamynda poçta ýollamasyny ýa-da banderoly ibermäge mümkinçilik berýär. Bu funskiýa Türkmenistanyň ähli ýerlerine eltip berme hyzmatyny amala aşyrýan onlaýn-dükanlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe. Raýatlar üçin hem ähli düzgünlere laýyklykda poçta ýollamalary resmileşdirmek üçin poçta bölümine gitmän, dessine öýden ibermek örän amatly bolýar. Şeýle hem, +99312921495 jaň edip, çapary çagyryp bilersiňiz.

Mundan başga-da, “Çapar” programmasynda  Aşgabat şäherindäki, şeýle hem welaýat merkezleriniň we beýleki ilatly nokatlarynyň poçta bölümleriniň maglumatlary (salgysy, telefon belgisi) hem elýeterlidir .

“Çapar” programmasynyň amatlylygy ikuçsyzdyr. Ol birnäçe hyzmatlar üçin uzakdan tölegleri tölemek, çapar ibermegiň artykmaçlyklaryna baha bermek mümkinçilikleri sebäpli, wagtyňyzy tygşytlamaga mümkinçilik berýär, şeýle hem poçta ýollamalaryňyzyň ýitirilmejekdigine we degişli salga gowşuryljakdygyny kepillendirýär.

“Çapar” programma üpjünçiligini  Google Play we App Store ulgamlaryndan ýükläp bolýar.