HABARLAR

«Türkmenpoçta» sorag-jogap gullugynda awtoulag eýeleri jerimeler barada jikme-jik maglumat alyp bilerler


«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň sorag-jogap gullugy awtoulag sürüjilerine täze hyzmaty hödürleýär.

Gulluga «075» belgi arkaly jaň edip, öz awtoulag belgiňi aýtmak bilen, awtoulagyň tizliginiň bellenilen çäkden ýokarlandyrylandygy üçin jerimeleriň bellenendigi we olar boýunça näçe tölegleriň geçirilendigi hakynda giňişleýin maglumat alyp bolýar.

Şeýle hem, bu belgä jaň etmek arkaly halkara ýollamalar, olaryň nyrhnamalary we ýollamalara bellenilen ýere gelýänçä gözegçilik etmek boýunça, şeýle-de Türkmenistanyň gazet-žurnallaryna degişli beýleki zerur maglumatlary alyp bolýar.

Ozal «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň jemagat we aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleri geçirmegiň täze görnüşlerini hödürleýändigini habar beripdik.

Poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän ähli hyzmatlary bilen «Türkmenpoçta» saýtyna girmek ýa-da «075» sorag-jogap gullugyna jaň etmek arkaly doly tanşyp bilersiňiz.