HABARLAR

«Türkmenpoçta» halkara poçtalar üçin nyrhnamalary täzeledi


«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy resmi web saýtynda  halkara poçta önümleriniň ibermek boýunça nyrhnamalary täzeledi.

Raýatlar üçin poçta ibermegiň bahasyny we meýilnama çykdajylaryny hasaplamak amatly bolar ýaly, kompaniýa onlaýn hasaplaýjy döretdi. Ondan peýdalanmak arkaly ýüküň iberilýän ýurduny, iberişiň göwrümini we agramyny göz öňünde tutup, haryt daşamagyň takyk bahasyny bilip bilersiňiz.

Ýükleriň agramynyň 20 kilograma ýetmezligine üns beriň!

Halkara poçta üçin nyrhlar ähli poçta bölümlerinde çap edilen görnüşde hem elýeterlidir.

 

«Türkmenpoçtanyň» şu ýylyň ýanwarynda halkara poçta hyzmatlaryny gaýtadan dikeldendigini ýatladýarys. Türkmenistandan poçta iberip bolýan döwletleriň doly sanawyny şu salgydan okap bilersiňiz.

 

© «Türkmenpoçta» halkara poçtalar üçin nyrhnamalary täzeledi (Türkmenportal)