HABARLAR

Tmchat atly milli messenjer programmasynyň tanyşdyrylyşy boldy


Şu gün, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara serginiň çäginde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi onlaýn habarlaşmaklyk üçin niýetlenilen Tmchat  atly täze milli messenger programmasyny  hödürledi.

«Türkmentelekom» elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen milli messenger programmasy Android we IOS platformalary üçin elýeterli bolar. Bu programmany Play Market  bilen Appstore-dan ýükläp alyp bolar.

Programmada hasaba alyş telefon belgisi arkaly amala aşyrylýar.

Tmchat programmasynda şu aşakdaky aýratynlyklar bar:

  • tekst habarlaryny ibermeklik;
  • ses we wideo jaňlaryny ibermeklik;
  • suratlar alyşmaklyk;
  • toparlaýyn söhbetdeşlik.

 

Programma ulanyjylara peýdalanmaklyk üçin mugt berilýär.

© Tmchat atly milli messenjer programmasynyň tanyşdyrylyşy boldy (turkmenportal.com)