Online Arza

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri aragatnaşyk babatynda işleri amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyyarnamany  almak üçin degişli gulluklar bilen ylalaşmaga zerur bolan resminamalaryň sanawy


 

  1. 1. Bellenen görnüş boýunça “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygynyň adyna ýüzlenme haty (iş görnüşleri görkezmek bilen).
  2. 2. Ynanç haty (kimiň adyna bolsa pasport nusgasy), ýa-da buýruk.
  3. 3. Hukuk maglumatlary:
  1. 4. Hukuk salgysy
  2. 5. Aragatnaşyk babatynda işiň düzüminde görkezilen işleri ýerine ýetirmek, hyzmat etmek üçin peýdalanyljak aragatnaşygyň tehnologik enjamlaryň, gözegçilik-ölçeg gurallaryň sanawy, tehniki häsiýetnamasy we oňa eýeçilik hukugy ýa-da başga bir kanuny esasda degişlidigini tassyklaýan resminamalaryň nusgalaryny (olarda kysymlary, çykarylan ýyllary barada maglumatlar görkezilmelidir); (Maddy tehniki binýady barada maglumat).  (tablisa 3)
  3. 6. Peýdalanyljak enjamlaryň ulanyljak ýerleri, maksady. (tablisa 2)
  4. 7. Iş görnüşler boýunça iş meýilnamasy we sarp edijileriň sanawy. 
  5. 8. Edara kärhananyň döredilen wagty
  6. 9.Ygtyýarlandyrmaga degişli iş görnüşleri amala aşyrmak üçin bar bolan hünärmenleriň şahsiýetleri, olaryň bilim derejesi we iş tejribesi barada maglumatlary: (tablisa 1)
  1. 10. Aragatnaşyk babatyndaky işleri amala aşyrmaga hasaba alnan wagty we şolar boýunça ýerine ýetiren işleriniň sanawy.
  2. 11. Ygtyýarlandyryjy edaralar tarapyndan bildirilen nägilelikleri barada maglumat.
  3. 12. Esaslandyryjynyň we ýolbaşçynyň pasport nusgalary.
  4. 13. Edara görnüşşli tarapyň geçen çärýekdäki we ýyldaky buhgalter balansynyň              nusgasyny, goşundylar we düşündiriş ýazgylary bilen bilelikde. 

 

Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň hünärmenleri barada

Maglumat

Tablisa 1.

t/b

F.A.A.a

Yuridik şahsyň ady

Işleýän wezipesi

Bilimi (haýsy we haçan okuw jaýyny tamamlady, hünäri)

Iş döwri

Bellik

 

umumy

Şu edarada

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 









 

 

 

 

Peýdalanjak enjamlaryň ulanyljak 

ýerleri we maksady

Tablisa 2

t/b

Enjamyň ady, markasy

Enjamyň öndürilen ýeri we senesi

Ulanmagyň maksady

Ulanyljak ýerleri

bellik

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

                                                                                 

Işiň ygtyýarlandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin zerur bolan                                                  önümçilik we  maddy-enjamlaýyn binýady barada

Maglumat 

Tablisa 3

t/b

Ulaglaryň, mehanizmleriň, enjamlaryň ady

sany

Öndürilen senesi

Tehniki ýagdaýy

bellik

A.

Özüne degişli tehniki binýady

 

 

 

 

1.

 

 

 

 

 

B.

Kärendesine alnan tehniki binýady

 

 

 

 

1.

 

 

 

 

 

2.

 

 

 

 

 



 

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi

Aragatnaşyk babatynda iş

42.22.20

Telekommunikasiýa ugurlaryny gurmak we çekmek 

Bu kiçi klas öz içine alýar: uzak aralyklara aragatnaşyk  ugurlary çekmek; şäher aragatnaşyk ugurlary; desgalaryň içinde aragatnaşyk geçiriji kabelleri çekmek, gurnamak; 

Bu kiçi klas öz içine almaýar: gurluşyklaryň we inženerlik desgalaryň taslamalaryny dolandyrmak;  (71.1 seret).

43.21.40

Radio we telewizion antennalaryny şol sanda hemra antennalaryny we beýleki aragatnaşyk enjamlaryny gurnamak, düzmek, sazlamak we tehniki hyzmat etmek işlerini amala aşyrmak. 

53.10.00

Milli operatorlaryň ýolbaşçylygy astynda poçta işlerini amala aşyrmak

Bu klas öz içine alýar: poçta aragatnaşygynda uniwersal hyzmat edýän bir ýa-da ondan köp milli operatorlaryň umumy ýolbaşçylygy astynda işleýän poçta gullugynyň işi. Bu iş gulluk edýän infrastrukturany peýdalanmagy, şol sanda seljeriji, işläp taýýarlaýjy maşynlar bilen enjamlaşdyrylan, poçta kabul edýän, saýlaýan we eltip gowşurýan ulagly, ýaşaýan ýerindäki poçta bölumüni öz içine alýar. Ugradylýan poçtasynyň düzümini: banderollar, hatlar, poçta ýaşşiklerindäki otkrytkalar, gündelik çap edilýän önümler, mahabat prospektleri, posylkalar, resminamalar we ş.m. tutýar. Mundan başga-da bu klas poçtanyň işlemegi üçin zerur bolan poçta hakyndaky milli kanuna laýyk gelýän, beýleki hyzmatlary üpjün etmegi öz içine alýar: (meselem, poçta önümleriniň: bukjalaryň, berçeleriň(markalaryň), otkrytkalaryň bölek söwdasyny amala aşyrmak mümkin; döwürleýin çap edilýän önümlere ýazylmak arkaly ýaýratmak we ş.m.).

Bu klas öz içine alýar: döwürleýin çap edilýän neşirleriň önümlerini ýaýratmak, çykarmak, işläp taýýarlamak, içki we halkara poçtalary daşamak we gowşurmak (poçta ibermelerini); jemgyýetçilik poçta ýaşşiklerinden we bölümlerinden banderollary hasaba alyp, poçtany ýygnamak.

Bu klas öz içine almaýar: poçta işiniň nagt däl hasaplaşygy bilen baglanyşykly we poçta-amanat hasabyndaky süýşürintgileri, şeýle hem milli poçta gullugy tarapyndan amala aşyrylýan beýleki maliýe işleri (64.19 seret).

53.20.00

Beýleki poçta we hat gatnadyş işleri

Bu kiçi klas öz içine alýar: banderollary, posylkalary, döwürleýin neşirler çap edilýän önümleri,hatlary gowşurmak, çykarmak we daşamak poçta aragatnaşygynyň milli operator işiniň aýratyn hukugynyň çäginden çykýan firmalar tarapyndan amala aşyrylýar. Poçtalary daşamak bir we birnäçe görnüşli ulaglar (hususy ýa-da jemgyýetçilik) arkaly amala aşyrylyp bilner.

Bu kiçi klas şeýle-de öz içine alýar: poçta ibermelerini öýe eltip bermek.

Bu klas öz içine almaýar: ýük daşamak ulagyň görnüşine baglylykda klasifisirlenýär - 49.20; 49.41; 50.20; 50.40; 51.21; we 51.22 seret.

60.10.00

Radiogepleşikleriň işi

Bu kiçi klas öz içine alýar: radiogepleşikler programmalaryny halka eşitdirmek üçin, ses signallaryny studiýalar arkaly ýada alyp eşitdiriş gurluşlarynyň üsti bilen ýaýratmak işi; radiogepleşikler ulgamynyň işi we radioprogrammalary radiotolkunlar arkaly kabel setlerine ýa-da hemra antennalarynyň üsti bilen geçirmek. Radiogepleşikleri Internet arkaly eşitdirmek; radiogepleşikler bilen baglanyşykly maglumatlary ýaýratmak.

Bu kiçi klas öz içine almaýar: ýazylan radiogepleşikleri taýýarlamak (59.20 seret).

60.20.00

Teleýaýlymlaryň işi

Bu kiçi klas öz içine alýar: Teleýaýlym programmalaryny kabelli ýa-da hemra antennalary arkaly başga kärhanalar arkaly ýaýradylyp bilner. 

61.10.00

Sim arkaly aragatnaşyk hyzmaty

Bu kiçi klas öz içine alýar: tehniki taýdan hyzmat etmek we ulanmak arkaly şekil geçiriji gurluşlara ygtyýar almak, maglumatlary we beýleki habarlary sim arkaly aragatnaşyk ulgamyny ulanyp geçirmek; ýerüsti liniýalar ýa-da ýerüsti hemra aragatynaşyklary arkaly ýa-da radiotolkunlaryň üsti bilen aragatnaşygy endigan üpjün edýän gurluşlary ulanmak we tehniki taýdan hyzmat etmek; kabelli teleýaýlym ulgamyny (meselem, maglumatlary geçirmek we teleýaýlym signallaryny geçirmek) ulanmak; teleks we telegraf aragatnaşygyny peýdalanmak; elektrik aragatnaşyklar ulgamyna tehniki taýdan hyzmat etmek işi. Sim arkaly aragatnaşyk dürli tehniki serişdeleri we usullary ulanmak arkaly amala aşyrylýar.

Bu kiçi klas şeýle-de öz içine alýar: sim arkaly aragatnaşyk ulgamy hyzmatynyň eýeleriniň we operatorlarynyň ýanynda ygtyýarlyk hukugyna eýe bolmak; aragatnaşyk simleri arkaly Internet ulgamyna girmegi üpjün etmek.

Bu kiçi klas öz içine almaýar: aragatnaşyk hyzmatyny täzeden satmak (61.90 seret).

61.20.00

Simsiz aragatnaşyk ulgamynda hyzmat

Bu kiçi klas öz içine alýar: ulanmak, tehniki taýdan hyzmat etmek arkaly şekil geçiriji gurluşlara ygtyýar almak,maglumatlary we beýleki habarlary simsiz ulgamyň üsti bilen geçirmegi amala aşyrmak, aragatnaşyk we geçiriji gurluşlara tehniki taýdan hyzmat etmek we ulanmak, ýerüsti liniýalar arkaly, radiotolkunlar ýa-da hemra aragatnaşygynyň ýerüsti tolkunlar bilen goşulyşmagy arkaly aragatnaşygyň endigan bolmagyny üpjün etmek; ykjam telefonlar we beýleki simsiz aragatnaşyklary ulanmak we olara tehniki taýdan hyzmat etmek. Simsiz aragatnaşyk dürli tehniki serişdeleri we usullary ulanmak arkaly (ýeke ýa-da beýlekiler bilen goşulyşyp) amala aşyrylýar

Bu kiçi klas şeýle-de öz içine alýar: simsiz aragatnaşyk ulgamy hyzmatynyň eýeleriniň we operatorlaryň ýanynda ygtyýarlyk hukugyna eýe bolmak; simsiz aragatnaşyk ulgamy arkaly Internet ulgamyna girmegi üpjün etmek.

Bu klas öz içine almaýar: aragatnaşyk hyzmatyny täzeden satmak (61.90 seret).

61.30.00

Hemra arkaly aragatnaşyk hyzmaty

Bu kiçi klas öz içine alýar: ulanmak, tehniki taýdan hyzmat etmek arkaly şekil geçiriji gurluşlara ygtyýar almak, hemra arkaly aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen maglumatlary we beýleki habarlary bermek; kabel torlarynyň üsti bilen şekili sesli ýa-da tekst habarlaryny bermek, geçirmek; lokal telestansiýalaryň ýa-da radio alyp eşitdiriş tory gönüden-göni hemra arkaly aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen berilýär (bu ýerde berilýän programmalaryň mazmunly bölümlerini öndürmeýän birlikler klasifisirlenýär).

Bu kiçi klas şeýle-de öz içine alýar: hemra arkaly aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen internet ulgamyna girmegi üpjün etmek.

Bu kiçi klas öz içine almaýar: aragatnaşyk hyzmatyny täzeden satmak (61.90 seret).

61.90.00

Beýleki telekommunikasion hyzmatlar

Bu kiçi klas öz içine alýar: ýörite telekommunikasion hyzmatlary, ýagny hemranyň hereketine, telemetriki aragatnaşygynyň we radiolakasion aragatnaşygynyň işine gözegçilik etmek ýaly hyzmatlar, hemra arkaly aragatnaşyk ulgamyny abatlamagy amala aşyrmak, radar stansiýalary ulanmak; hemra arkaly aragatnaşyk ulgamynyň terminal stansiýalaryny, gurluşlaryny, ýerüsti aragatnaşyk bilen baglanyşykly gurluşlary we hemra arkaly aragatnaşyk ulgamy bilen aragatnaşygy ýola goýmaga ukyply gurluşlary ulanmak. FAI-niň eýeçiliginde durmaýan, FAI bilen müşderiniň arasynda Internet ulgamy arkaly aragatnaşygy üpjün etmek; jemgyýetçilik ýerlerinde telefon aragatnaşygyny we Internet ulgamyna girmegi üpjün etmek; Internet ulgamynda sesli aragatnaşygy ýola goýmak; aragatnaşyk hyzmatlaryny täzeden satmak.

Bu kiçi klas öz içine almaýar: aragatnaşyk infrastrukturalarynyň üsti bilen Internet ulgamyna girmegi üpjün etmek (61.10;61.20; 61.30 seret).

63.11.00

Habarlary işläp taýýarlamak we ýerleşdirmek, amaly

programmalar we olar bilen baglanyşykly işler

Bu kiçi klas öz içine alýar: habarlary ýerleşdirmek üçin gerek bolan tehniki şertler bilen üpjün etmek, habarlary täzeden işlemek we beýleki şulara meňzeş işler, şol sanda Web-saýta ýerleşdirmek; gelýän habarlary bökdençsis we yzygiderli paýlamak, habar bermek, amaly programmalary ýerleşdirmek we olaryň hereket etmegini üpjün etmek; habarlary täzeden işlemek (şol sanda buýrujylaryň hödürlän habarlaryny doly täzeden işlemek, we şol habarlar esasynda ýörite hasabat işlerini taýýarlamak); maglumatlary girizmek; müşderilere döwürleýin hyzmat etmek (ulanyjynyň berk bellenen reglament wagty boýunça baş hasaplaýyş ulgamyny ulanmagyna rugsady üpjün etmek).

Bu kiçi klas öz içine almaýar:kompýuteriň işçi guraly hökmünde  ulanýan ýagdaýyndaky iş (amala aşyrýan işine baglylykda klassifikasiýalaşdyrylýar).


Kiberhowpsuzlyk babatynda iş

 

62.01.00

Programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak.

Bu kiçi klas öz içine alýar: modifisirlemegi, gözegçilik we programma üpjünçiligini taýýarlamagy bilelikde alyp gitmegi öz içine alýar. 

Bu kiçi klas öz içine alýar: gurluşyny we mazmunyny taslamak  ýa-da döretmek we işletmek üçin gerekli bolan kompýuter koduny ýazmak (sistemanyň programma üpjünçiligi (modernizirlemegi we operatiw üýtgetmeleri we düzedişleri girizmegi goşmak bilen); tejribe ähmiýetli programmalaryň üpjünçiligi (modernizirlemegi we operatiw üýtgetmeleri we düzedişleri girizmegi öz içine almak bilen); maglumatlar bazasy; Internetiň Web- sahypasy; ulanyjynyň meselesi astynda üpjünçilik programmasyny ýazmak, ýöne ulanyjynyň informasion ulgamy bilen ylalaşykda we bilelikde hereket etmegini maksat edinip, öňden bar bolan standart modifisirlenen tejribe ähmiýetli programma üpjünçiligini ýazmak; EHM-ler we maglumat binýatlary (programma serişdeleri we hasaplaýyş tehnikasynyň maglumat önümleri) üçin programma üpjünçiliklerini işläp düzmek, olary ornaşdyrmak, kämilleşdirmek boýunça hyzmatlary bermek (ýerine ýetirmek) işlerini amala aşyrmak.

Bu kiçi klas öz içine almaýar: standart programma üpjünçiligini çap etmek (58.29 seret); şahsy ulanyjylar üçin niýetlenilmedik käbir bazarlaryň öz hasabyna programma üpjünçiligini geçirmegi we endik edilmegi (58.29 seret); görnüşler boýunça maslahat bermek we konfigurasiýa apparat serişdeleri we programma üpjünçiliginiň ylalaşygyny ulanmak (62.02 seret).

62.04.00

Maglumat ulgamlaryny kiber hüjümlerinden goralyşyny (howpsuzlygyny) synagdan geçirmek, barlamak, howpsuzlygy bahalandyrmak işlerini amala aşyrmak.

43.21.20

Maglumaty işläp taýýarlaýjy we saklaýjy serişdeleriň toplumyny (serwerler toplumyny) we aragatnaşyk (tor) enjamlaryny gurnamak, düzmek, tehniki hyzmatlary bermek işlerini amala aşyrmak

43.21.30

Maglumat ulgamlaryny kiber hüjümlerinden goraýyş programma enjamlaýyn serişdelerini işläp taýýarlamak, sazlamak, düzmek, tehniki hyzmatlary bermek işlerini amala aşyrmak



Onlaýn arzany doldurmagyň tertibi

Ygtyýarnama formasyna geçmek üçin bu ýerik basyň