Kanunçylyk

Türkmenistanda ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ K A N U N Y

Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda

(rejelenen görnüşi)

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 87-nji madda)

Şu Kanun işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagyň hukuk esaslaryny kesgitleýär, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde ony amala aşyrmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ygtyýarnama – ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan ygtyýarnama

talaplaryny we şertlerini hökmany berjaý etmek şerti bilen ygtyýarnamala berilýän,

Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda telekeçilik işiniň hem-de hünärmenlik

hyzmatlaryny ýerine ýetirmek çygryndaky işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini

amala aşyrmaga hukuk berýän ýörite rugsat;

2) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi – Türkmenistanyň çäginde amala

aşyrmak üçin şu Kanuna laýyklykda ygtyýarnama almak talap edilýän işiň aýry-aýry

görnüşi;

3) işiň aýry-aýry ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň kiçi görnüşi – işiň

ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň düzüminde Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet

klassifikatoryna laýyklykda 6-njy derejede – alty belgili kategoriýada (1-nji, 2-nji,

3-nji, 4-nji, 5-nji we 6-njy kod belgisinde) görkezilýän ygtyýarlylandyrmaga degişli

işiň anyk görnüşi;

4) ygtyýarnamanyň talaplary we şertleri – işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi

amala aşyrylanda ygtyýarnamaly (ygtyýarnamanyň dalaşgäri) tarapyndan ýerine

ýetirilmegi hökmany bolan, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplaryň

we şertleriň jemi, şunda bu talaplar we şertler işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň

kiçi görnüşine göni degişli bolmalydyr;

5) ygtyýarnamaly – ygtyýarnama alan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

6) ygtyýarnamanyň dalaşgäri – ygtyýarnamanyň berilmegi, ygtyýarnama

goşmaçanyň girizilmegi hakynda arza bilen ygtyýarlylandyryjy edara ýüz tutan

fiziki ýa-da ýuridik şahs;

7) ygtyýarlylandyrmak – ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan

ygtyýarnama bermek, ygtyýarnama goşmaça girizmek, ygtyýarnamany gaýtadan

resmileşdirmek, ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmak, togtatmak, dikeltmek,

möhletinden öň bes etmek we ony ýatyrmak, şeýle hem ygtyýarnama talaplarynyň

we şertleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak, Ygtyýarnamalaryň döwlet

sanawyny ýöretmek we ondan maglumatlary bellenen tertipde bermek boýunça iş;

8) Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawy – ygtyýarnamany bermek (bermekden

ýüz öwürmek), ygtyýarnama goşmaça girizmek, ony gaýtadan resmileşdirmek, onuň

hereketini uzaltmak, togtatmak, dikeltmek, bes etmek we ygtyýarnamany ýatyrmak

hakyndaky maglumatlary, şeýle hem ygtyýarlylandyrmak bilen baglanyşykly

beýleki zerur maglumatlary öz içine alýan ýeke-täk usulyýet we programmalaýyn

tehniki ýörelgelerde gurlan döwlet maglumat ulgamy;

9) ygtyýarnamasyz amala aşyrylan iş – şu Kanunyň 22-nji maddasynda

bellenilen ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleriniň degişli

ygtyýarnamany almazdan amala aşyrylmagy;

10) ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşiniň amala

aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeri – ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşini amala

aşyrmaga niýetlenen we (ýa-da) ol iş amala aşyrylanda ulanylýan obýekt (jaýlar,

binalar, desgalar, beýleki obýektler) bolup, onuň salgysy ýa-da beýleki

kybaplaşdyryp boljak maglumatlary bolmalydyr. Ygtyýarlylandyrylýan işiň

görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeri ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýada ýgtyýarnamalynyň hukuk salgysy bilen gabat gelip biler.

2-nji madda. Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda

Türkmenistanyň kanunçylygy

1. Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň

kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de

Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Şu Kanunyň düzgünleri aşakdakylara degişli däldir:

1) intellektual eýeçiligiň obýektleri peýdalanylanda ýüze çykýan gatnaşyklara;

2) «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda

amala aşyrylýan nebit işlerine;

3) hukuk tertibini, döwletiň goranmak ukybyny we howpsuzlygyny üpjün

etmek bilen baglanyşykly ýöriteleşdirilen işe;

4) telekeçilik bolup durmaýan işe.

3-nji madda. Ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleri

1. Şular ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleridir:

1) ygtyýarlylandyrmak babatynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;

2) ygtyýarlylandyrmagyň aýdyňlygyny üpjün etmek, bellenilen ygtyýarnama

talaplaryna we şertlerine jogap berýän, fiziki we ýuridik şahslar üçin deň esaslarda

we deň şertlerde ygtyýarnamalar bermek;

3) ygtyýarlylandyrmak amala aşyrylan mahalynda kanunylygy üpjün etmek;

4) Türkmenistanyň çäginde işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşleriniň ýeke-täk

sanawyny we ygtyýarlylandyrmagyň ýeke-täk tertibini şu Kanun bilen bellemek;

5) işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň

kanunçylygynyň bozulandygy üçin fiziki we ýuridik şahslaryň jogapkärçiliginiň

kadalaryny bellemek.

2. Daşary ýurt fiziki we ýuridik (şol sanda olaryň şahamçalary) şahslar, şeýle

hem raýatlygy bolmadyk şahslar Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslarynyňky

ýaly şertlerde we tertipde ygtyýarnama almaklyga hukugy bardyr, olaryň işiň aýryaýry görnüşlerini amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda

bellenilen çäklendirmeleri muňa degişli däldir.

3. Ygtyýarlylandyrmak telekeçilik işiniň we hünärmenlik hyzmatlaryny ýerine

ýetirmek boýunça işiň monopoliýalaşdyrylmagyna ýa-da erkinliginiň

çäklendirilmegine ýardam etmeli däldir.

Işiň görnüşini telekeçilik we hünärmenlik hyzmatlaryny ýerine ýetirmek

boýunça işe degişli etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala

aşyrylýar.

4-nji madda. Ygtyýarlylandyrmagyň maksatlary

Ygtyýarlylandyrmagyň maksatlary aşakdakylardyr:

1) sarp edijileriň hukuklaryny goramak;

2) ösýän bazar gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam etmek;

3) harytlaryň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak;

4) raýatlaryň ömri, saglygy, emlägi, döwletiň we jemgyýetiň bähbitleri,

tebigaty goramak, medeni miras üçin howply bolup biljek işiň ygtyýarlylandyrylýan

görnüşleri bilen meşgul bolýan şahslara gözegçiligi amala aşyrmak.

5-nji madda. Işiň görnüşini ygtyýarlylandyrmaga degişli etmek üçin

esaslar

Işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşlerine amala aşyrylmagy raýatlaryň

hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, ahlagyna, ömrüne we saglygyna, döwletiň

goranmak ukybyna we howpsuzlygyna, türkmen halkynyň medeni mirasyna, daşky

gurşawa zyýan (zelel) ýetirip biljek we olary ygtyýarlylandyrmakdan başga usullar

bilen döwlet tarapyndan düzgünleşdirip bolmajak işiň görnüşleri degişli edilýär.

II BAP. YGTYÝARLYLANDYRMAGYŇ DÖWLET

TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI

6-njy madda. Ygtyýarlylandyrmagyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişi

Ygtyýarlylandyrmak babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, şeýle hem ygtyýarnama gözegçiligini amala

aşyrýan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýläk -

ygtyýarnama gözegçiligi edarasy) we işiň aýry-aýry görnüşlerini

ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş

edaralary (mundan beýläk – ygtyýarlylandyryjy edaralar) tarapyndan amala

aşyrylýar.

7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) ygtyýarlylandyrmak babatynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek

boýunça çäreleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň kanunlaryna

we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda kesgitleýär;

2) ygtyýarlylandyryjy edaralary kesgitleýär;

3) Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifıkatoryna laýyklykda

ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň anyk görnüşleriniň sanawyny we

ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberlerini tassyklaýar;

4) şu Kanunyň 22-nji maddasy bilen bellenilen sanaw boýunça işiň aýry-aýry

görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamalary (mundan

beýläk ‒ ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama) tassyklaýar.

Ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamalarda işiň aýry-aýry görnüşleri

babatda çäklendirmeler bellenilip bilner.

8-nji madda. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň ygtyýarlylygy

1. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasy:

1) şu Kanunyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär,

ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işiniň utgaşdyrylmagyny üpjün edýär;

2) ygtyýarlylandyrmak babatynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini

kämilleşdirmek, şu Kanuna we ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň görnüşleriniň

Sanawyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda teklipleri işläp taýýarlaýar;

3) ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan berilýän ygtyýarlylandyrmak

hakyndaky Düzgünnamalaryň taslamalaryna garaýar we ylalaşýar;

4) ygtyýarnamany bermek, ygtyýarnama goşmaça girizmek, gaýtadan

resmileşdirmek, ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmak, dikeltmek, möhletinden öň

bes etmek hakyndaky arzanyň nusgasyny, şeýle hem ýüze çykarylan

ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň bozulmalaryny düzetmek hakynda

tabşyryknamanyň görnüşini tassyklaýar;

5) ygtyýarnamanyň ýeke-täk görnüşini tassyklaýar;

6) ygtyýarnamalylar tarapyndan ygtyýarnamanyň talaplarynyň we şertleriniň

ýerine ýetirilişine barlaglary geçirmegiň tertibini tassyklaýar;

7) ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň ygtyýarnamasyz amala aşyrylmagy

boýunça barlaglary geçirmegiň tertibini tassyklaýar;

8) Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar bankyny döredýär;

9) ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işini seljermegiň we Ygtyýarnamalaryň

döwlet sanawynyň maglumatlar bankynyň esasynda ygtyýarlylandyrmak

babatyndaky iş hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bellenilen tertipde

maglumat berýär.

2. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasy ygtyýarlylandyrmak babatynda şu

aşakdakylara haklydyr:

1) ygtyýarlylandyryjy edaralardan zerur resminamalary we maglumatlary

soramaga we almaga;

2) ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işiniň meýilnamalaýyn ýa-da meýilnamadan

daşary barlaglaryny, şol sanda şikaýatlaryň, arzalaryň we beýleki resmi ýüz

tutmalaryň esasynda geçirmäge, ýüze çykarylan düzgün bozulmalary görkezmek

bilen barlaglaryň netijeleri boýunça ykrarnamalary düzmäge;

3) Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar bankyndaky bar bolan

maglumatlary kameral (deslapky) deňeşdirip barlamak arkaly, şeýle hem

ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işiniň barlaglarynyň ykrarnamalarynyň esasynda

olaryň işlerine seljerme geçirmäge;

4) ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan barlaglaryň barşynda ýüze

çykarylan düzgün bozulmalary düzetmek boýunça olary düzetmegiň möhletlerini

görkezmek bilen, çözgütleri kabul etmäge;

5) şu Kanunyň we ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamanyň

talaplaryny bozmak bilen kabul edilen çözgütleriň ýatyrylmagyny talap etmäge.

Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň çözgütleri onuň bellän möhletlerinde

ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan hökmany ýerine ýetirilmäge degişlidir.

9-njy madda. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň ygtyýarlyklary

1. Ygtyýarlylandyryjy edaralar:

1) ygtyýarnamany bermek hakyndaky arza we oňa goşulan resminamalara

seredýärler, ygtyýarnamany berýärler ýa-da ony bermekden ýüz öwürýärler;

2) ygtyýarnama goşmaça girizýärler ýa-da goşmaçany girizmekden ýüz

öwürýärler;

3) ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirýärler ýa-da gaýtadan

resmileşdirmekden ýüz öwürýärler;

4) ygtyýarnamanyň hereketini uzaldýarlar, togtadýarlar, dikeldýärler hem-de

ygtyýarnamalynyň arzasy esasynda möhletinden öň bes edýärler ýa-da

ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmakdan, dikeltmekden ýüz öwürýärler;

5) ygtyýarnamany şu Kanunyň 17-nji maddasynyň dördünji böleginiň 2-nji

bendinde görkezilen halatynda ýatyrýarlar ýa-da başga halatlarda ygtyýarnamany

ýatyrmak hakynda kazyýete arza bilen ýüz tutýarlar;

6) Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda

kanunçylygynda olaryň ygtyýarlylygyna degişli edilen meselelere seredýärler;

7) işiň özleri tarapyndan ygtyýarlylandyrylýan görnüşleri, olaryň kiçi

görnüşleri boýunça Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar binýatlaryny

döredýärler we ýöredýärler.

Ygtyýarnamalylar barada maglumatlary, ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan

bellenilen maglumatlar möçberinde özleriniň resmi Internet-saýtlarynda

ýerleşdirýärler;

8) işiň özleri tarapyndan ygtyýarlylandyrylýan görnüşleri, olaryň kiçi

görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyrmagy düzgünleşdirýän ähli kadalaşdyryjy hukuk

namalaryny özleriniň resmi Internet-saýtlarynda ýerleşdirýärler;

9) şu Kanuna laýyklykda barlaglary amala aşyrýarlar;

10) ygtyýarlylandyrmak babatynda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň

talaplarynyň bozulandygy üçin maliýe jerimesini ulanýarlar;

11) şu Kanunda bellenen halatlarda kazyýete arza bilen ýüz tutýarlar.

2. Ygtyýarlylandyryjy edaralar ygtyýarlylandyrmak boýunça öz

ygtyýarlyklaryny öz ýerli ýa-da beýleki düzüm birliklerine berip bilmezler.

3. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagynyň tertibi

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan

ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamalar bilen bellenilýär.

10-njy madda. Ygtyýarlylandyrmak amala aşyrylanda jenaýatçylykly ýol

bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň

maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek

1. Ygtyýarlylandyrmak işi jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň

kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek

maksadyna gönükdirilmelidir.

2. Ygtyýarlylandyryjy edaralar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen

tertipde ygtyýarnamalylar tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň

boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik edýärler.

III BAP. YGTYÝARLYLANDYRMAGY AMALA AŞYRMAK

11-nji madda. Ygtyýarnamanyň hereketi

1. Ygtyýarnama işiň her bir ygtyýarlylandyrylýan görnüşi üçin aýratynlykda

berilýär.

2. Amala aşyrmak üçin ygtyýarnama alnan işiň görnüşi ygtyýarnama alan şahs

tarapyndan ýerine ýetirilip bilner we beýleki bir tarapa berlip bilinmez.

3. Ygtyýarnamanyň hereketi Türkmenistanyň bütin çägine degişlidir,

Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen çäklendirmeler muňa degişli däldir.

12-nji madda. Ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti

1. Ygtyýarnama:

1) hünärmenlik hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi we telekeçilik işiniň

ygtyýarlylandyrylýan görnüşi bolan bank işiniň amala aşyrylmagy üçin hereket ediş

möhleti çäklendirilmezden;

2) telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak (bank işi,

spirti, alkogolly önümleri, temmäki önümlerini getirmek muňa degişli däldir) üçin –

kesgitli, ýöne üç ýyldan az bolmadyk möhlete;

3) spirti, Türkmenistanda öndürilmeýän we haryt nyşany (söwda markasy)

bolan ýokary hilli alkogolly önümleri, şeýle hem temmäki önümlerini getirmek üçin

– bir ýyldan artyk bolmadyk möhlete berlip bilner.

2. Telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin

ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti üç ýyldan az bolmaly däldir, ygtyýarnamanyň

dalaşgäriniň arzasyna laýyklykda onuň hereket ediş möhleti azaldylyp bilner, ýöne

ol bir ýyldan az bolmaly däldir.

3. Telekeçilik işiniň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin

ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti ygtyýarnamalynyň arzasy boýunça uzaldylyp

bilner. Ygtyýarnamanyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy şu Kanunyň 14-nji

maddasyna laýyklykda onuň berilmeginiň tertibinde amala aşyrylýar.

13-nji madda. Ygtyýarnama talaplary we şertleri

Ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama bilen

ygtyýarnamaly tarapyndan şu aşakdakylaryň berjaý edilmeginiň hökmanylygy

bellenilýär:

1) Türkmenistanyň kanunçylygynyň, şeýle hem ekologik, sanitariýaepidemiologik, gigiýena, ýangyna garşy kadalaryň we düzgünleriň;

2) ygtyýarnamala bildirilýän hünär talaplaryna laýyk gelmeginiň;

3) işiň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmak üçin zerur bolan halatlarda

jaýlaryň, desgalaryň, enjamlaryň we beýleki tehniki serişdeleriň ygtyýarnamala

bildirilýän ýörite şertlere laýyk gelşiniň;

4) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we

terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek maksady bilen,içerki

gözegçilik kadalarynyň bolmagynyň.

14-nji madda. Ygtyýarnamany bermegiň tertibi

1. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri ygtyýarnama almak üçin ygtyýarnamanyň

berilmegi hakyndaky arzany degişli ygtyýarlylandyryjy edara berýär, onda şu

aşakdakylar görkezilýär:

1) ýuridik şahs üçin – doly ady, döwlet tarapyndan bellige alnan belgisi we

senesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, hukuk salgysy, işiniň görnüşi we ony amala

aşyrmagyň möhleti, şeýle hem ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň bu görnüşini amala

aşyrmakçy bolýan hakyky ýerleşýän ýeri;

2) fiziki şahs üçin – familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, pasport

maglumatlary, onuň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky

resminamanyň belgisi we senesi (hususy telekeçi hökmünde bellige alnan fiziki

şahslar üçin), hususy salgyt belgisi, işiniň görnüşi we ony amala aşyrmagyň möhleti,

şeýle hem ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň işiň bu görnüşini amala aşyrmakçy bolýan

hakyky ýerleşýän ýeri.

2. Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza şu aşakdakylar goşulýar:

1) ýuridik şahs üçin – esaslandyryş resminamalaryň nusgalary, Ýuridik

şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme, şeýle hem ynanç haty, hyzmatyň

şertnamasy ýa-da ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň wekiliniň ygtyýarlygyny

tassyklaýan buýruk;

2) fiziki şahs üçin – hususy telekeçi hökmünde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň

döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň nusgasy (hususy

telekeçi hökmünde bellige alnan fiziki şahslar üçin) we onuň pasportynyň nusgasy.

Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arzanyň ýanyna ygtyýarnamanyň

dalaşgäri tarapyndan ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama bilen sanawy

kesgitlenýän ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirmäge özüniň

mümkinçiligini tassyklaýan beýleki resminamalar goşulýar.

Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arzanyň ýanyna goşulýan

resminamalaryň sanawy işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşleriniň düzüminde

ygtyýarlylandyrylmaga degişli kiçi görnüşlere hem-de ygtyýarlylandyrmak

hakyndaky Düzgünnamada ygtyýarnamanyň dalaşgärine bildirilýän beýleki

talaplara baglylykda ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan kesgitlenýär.

3. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň şu Kanunda we ygtyýarlylandyrmak

hakyndaky Düzgünnamalarda göz öňünde tutulmadyk beýleki resminamalaryň

berilmegini ygtyýarnamanyň dalaşgärinden talap etmäge haky ýokdur.

4. Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arza we onuň ýanyna sanaw boýunça

goşulýan resminamalar olaryň ygtyýarlylandyryjy edara gelip gowşan gününde

olaryň kabul edilen senesi hakynda bellik edilip kabul edilýär. Arzanyň nusgasy

kabul edilen senesi hakynda bellik edilip ygtyýarnamanyň dalaşgärine gowşurylýar.

5. Ygtyýarlylandyryjy edaralar:

1) arzanyň we oňa goşulýan resminamalaryň kabul edilen gününden başlap

ýigrimi senenama gününiň dowamynda ondaky maglumatlaryň dolulygyny we

dogrulygyny, ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan bellenilen ygtyýarnama

talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirmek mümkinçiligini barlaýarlar, munuň

esasynda ygtyýarnamany bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz öwürmek

hakynda çözgüt kabul edýärler;

2) çözgüt kabul edilenden soň üç iş gününiň dowamynda ygtyýarnamany

bermek hakynda ýa-da ony bermekden ýüz öwürmek hakynda kabul edilen çözgüt

barada sebäplerini görkezmek bilen ygtyýarnamanyň dalaşgärine ýazmaça görnüşde

habar berýärler.

Ygtyýarnamany bermek hakyndaky habarnama bank hasabynyň

maglumatlaryny we döwlet pajyny tölemegiň möhletini görkezmek bilen

ygtyýarnamanyň dalaşgärine gowşurylýar.

6. Ygtyýarnamanyň berilmegi üçin döwlet pajynyň tölenendigini tassyklaýan

resminama berlenden soň, ygtyýarnama bäş iş gününiň dowamynda berilýär.

Ygtyýarnamanyň berilmegi üçin döwlet pajy dalaşgäriň özi tarapyndan ýa-da başga

bir şahs tarapyndan tölenip bilner.

7. Eger ygtyýarnamanyň dalaşgäri otuz senenama gününiň dowamynda döwlet

pajyny tölemedik halatynda ygtyýarlylandyryjy edaranyň ygtyýarnamany bermek

hakynda kabul eden çözgüdini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan çözgüt kabul edilip bilner.

8. Şu aşakdakylar ygtyýarnamany bermekden ýüz öwürmek üçin esas bolup

bilýär:

1) ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen resminamalarda doly däl we

nädogry ýa-da şübheli maglumatlaryň bolmagy;

2) ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň, şeýle hem işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşi

amala aşyrylanda onuň peýdalanýan jaýlarynyň, desgalarynyň, enjamlarynyň, 

beýleki tehniki serişdeleriniň, ygtyýarnama talaplaryna we şertlerine laýyk

gelmezligi.

9. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ygtyýarlylandyryjy edaranyň ygtyýarnamany

bermekden ýüz öwürmegine ýa-da onuň hereketsizligine ygtyýarnama gözegçiligi

edarasyna ýa-da kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr. Şunda ygtyýarnamanyň

dalaşgäriniň garaşsyz seljermäniň geçirilmegini talap etmäge hukugy bardyr.

10. Ygtyýarlylandyryjy edaralar ygtyýarnamany bermek ýa-da oňa goşmaça

girizmek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek, ygtyýarnamany ýatyrmak,

onuň hereketini dikeltmek, uzaltmak ýa-da togtatmak hakynda özleri tarapyndan

çözgüt kabul edilen gününden başlap, şeýle hem kazyýetiň ygtyýarnamany

ýatyrmak hakynda karary kanuny güýje giren gününden başlap bäş iş gününiň

dowamynda degişli welaýatyň, Aşgabat şäheriniň ýuridik şahslary döwlet

tarapyndan bellige alyş edarasyna we salgyt edarasyna degişli çözgüdiň kabul

edilendigini tassyklaýan haty iberýärler.

11. Ygtyýarnamanyň öwezligi (dublikaty), onuň ýitirilendigi ýa-da zeper

ýetendigi hakyndaky arzanyň gelip gowşan gününden başlap bäş iş gününden gijä

galman ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan ygtyýarnamala berilýär.

12. Ýuridik şahsyň we hususy telekeçiniň döwlet tarapyndan bellige

alynmagyndan öň, ygtyýarnamany almak talabyna ýol berilmeýär.

13. Fiziki şahs tarapyndan hünärmenlik hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça

işi amala aşyrmaga ygtyýarnamany almak üçin şeýle fiziki şahsyň hususy telekeçi

hökmünde bellige alynmagy talap edilmeýär.

14. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri özüne berlen ygtyýarnama işiň

ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň kiçi görnüşiniň girizilmegi barada ýüz tutan

halatynda, ygtyýarnama goşmaçanyň girizilmegi ygtyýarnamanyň berilmeginiň şu

maddada göz öňünde tutulan tertibinde amala aşyrylýar.

15-nji madda. Ygtyýarnamanyň görnüşine bildirilýän talaplar

1. Ygtyýarnamada şu aşakdakylar görkezilýär:

1) ygtyýarlylandyryjy edaranyň ady;

2) ýuridik şahsyň doly ady, hukuk salgysy, guramaçylyk-hukuk görnüşi ýa-da

fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, pasport maglumatlary;

3) döwlet tarapyndan bellige alnan resminamanyň belgisi we senesi

(hünärmenlik hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işden başga);

4) işiň aýry-aýry ygtyýarlylandyrylýan görnüşi, onuň kiçi görnüşleri;

5) ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti;

6) hususy salgyt belgisi;

7) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän

ýeri;

8) ygtyýarnamanyň belgisi;

9) ygtyýarnamany bermek, ygtyýarnama goşmaça girizmek we gaýtadan

resmileşdirmek hakynda çözgüdiň kabul edilen senesi.

Işiň aýry-aýry ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň we kiçi görnüşiniň atlarynyň

ýazgysynyň, işiň görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýeriniň ýazgysynyň

ygtyýarnamada ýerleşmedik ýagdaýynda, olar ygtyýarnamanyň goşundysynda

görkezilýär.

Ygtyýarnamanyň goşundysy ygtyýarnamanyň aýrylmaz bölegi bolup durýar

we ygtyýarnama çatylyp tikilýär we ygtyýarlylandyryjy edaranyň möhüri bilen

tassyklanýar. Ygtyýarnamanyň goşundysynyň nusgasy ygtyýarlylandyryjy edara

tarapyndan kesgitlenýär.

2. Işiň aýry-aýry ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň kiçi görnüşi ygtyýarnamada

Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda 6-njy derejede –

alty belgili kategoriýada (1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji we 6-njy kod belgisinde)

görkezilýär.

3. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa-da ygtyýarnamalynyň arzasy we onuň

ýanyna goşulýan resminamalar, ygtyýarnamany bermek (bermekden ýüz öwürmek),

ygtyýarnama goşmaça girizmek, ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek, onuň

hereketini uzaltmak, ony togtatmak, dikeltmek, hereketini bes etmek we ýatyrmak

hakynda kararlar we çözgütler, ygtyýarnamanyň göçürilen nusgasy, şeýle hem

ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa-da

ygtyýarnamalynyň barlanylmagynyň ykrarnamalary we beýleki resminamalar

ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýa-da ygtyýarnamalynyň ygtyýarnama işini düzýärler

we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarlylandyryjy edarada

saklanylmaga degişlidir.

16-njy madda. Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmegiň tertibi

1. Ýuridik şahsyň guramaçylyk-hukuk görnüşi, onuň ady, hukuk salgysy ýa-da

ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeri üýtgän

mahalynda, şeýle hem fiziki şahsyň familiýasy, ady, pasport maglumatlary, ýaşaýan

ýeri ýa-da ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşiniň amala aşyrylýan hakyky ýerleşýän

ýeri üýtgän mahalynda ygtyýarnamaly ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek

hakynda arza bermäge borçludyr.

Arzada ygtyýarnamaly hakynda täze maglumatlar, Türkmenistanyň

kanunçylygynda bellenilen halatlarda bolsa – Ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet

sanawyna we Döwlet salgyt sanawyna degişli üýtgetmeleriň hakyky girizilenligini

tassyklaýan resminama hakynda maglumatlar görkezilýär.

Eger ygtyýarnama ýuridik şahsyň hukuk oruntutaryna gaýtadan

resmileşdirilýän bolsa, onda arza görkezilen hukuk oruntutary tarapyndan berilýär.

Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek hakynda arza ygtyýarnamaly

(ygtyýarnamalynyň-ýuridik şahsyň hukuk oruntutary) tarapyndan Ýuridik şahslaryň

ýeke-täk döwlet sanawyna we Döwlet salgyt sanawyna degişli üýtgetmeleriň

girizilen gününden başlap ýa-da işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşiniň amala

aşyrylýan hakyky ýerleşýän ýeriniň üýtgedilen gününden başlap otuz senenama

gününiň dowamynda ygtyýarlylandyryjy edara berilýär.

2. Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek ygtyýarnamaly

(ygtyýarnamalynyň-ýuridik şahsyň hukuk oruntutary) tarapyndan degişli arzanyň

berlen gününden başlap on senenama gününiň dowamynda ygtyýarlylandyryjy

edara tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Ygtyýarnama gaýtadan resmileşdirilenden soň, on bäş senenama gününiň

dowamynda döwlet pajynyň tölenilendigini tassyklaýan resminamanyň berilmezligi

şu Kanunyň 17-nji maddasynda bellenilen tertipde ygtyýarnamanyň hereketini

togtatmak üçin esas bolup durýar.

4. Ygtyýarnamaly (ygtyýarnamalynyň-ýuridik şahsyň hukuk oruntutary)

tarapyndan doly däl we nädogry ýa-da şübheli maglumatlar berlen mahalynda

ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmekden ýüz öwrülip bilner.

Ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmekden ýüz öwürmek hakynda ýüz

öwürmegiň sebäplerini görkezmek bilen, ýüz öwürmek hakynda çözgüt kabul edilen

gününden başlap, üç iş gününiň dowamynda ygtyýarnamala ýa-da onuň hukuk

oruntutaryna ýazmaça görnüşde habar berilýär.

17-nji madda. Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak, dikeltmek, bes

etmek we ýatyrmak

1. Ygtyýarlylandyryjy edaralar özi tarapyndan, şeýle hem beýleki gözegçilik

ediji edaralar tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ygtyýarnamaly

tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň birnäçe gezek bozulmalary ýada gödek bozulmagy ýüze çykarylan mahalynda ygtyýarnamanyň hereketini

togtadyp bilerler.

Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak hakynda çözgüt kabul eden

ygtyýarlylandyryjy edaralar ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren

bozulmalary düzetmek üçin ygtyýarnamala möhlet bellemäge borçludyrlar.

Görkezilen möhlet üç aýdan az, alty aýdan köp bolmaly däldir.

Eger ygtyýarnamaly görkezilen bozulmalary bellenen möhletde düzetmese,

onda ygtyýarlylandyryjy edara ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda çözgüt kabul edip

biler.

2. Ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren bozulmalar

düzedilenden soň, ygtyýarnamaly ygtyýarnamanyň hereketini dikeltmek hakyndaky

arzany ygtyýarlylandyryjy edara berýär.

3. Ygtyýarnamanyň hereketini togtadan ygtyýarlylandyryjy edaralar:

1) arzany alandan soň, on iş gününiň dowamynda ygtyýarnamanyň hereketiniň

togtadylmagyna getiren bozulmalaryň ygtyýarnamaly tarapyndan düzedilişine

barlag geçirýärler;

2) soňky üç iş gününiň dowamynda, barlagyň netijeleriniň esasynda

ygtyýarnamanyň hereketini dikeltmek ýa-da dikeltmekden ýüz öwürmek hakynda

çözgüt kabul edýärler we bu hakda ygtyýarnamala ýazmaça görnüşde habar

berýärler.

4. Ygtyýarnama şu aşakdakylaryň karary we çözgüdi bilen ýatyrylyp bilner:

1) eger ygtyýarnamany bermek hakyndaky çözgüdiň bikanunlygy ýüze

çykarylan mahalynda kazyýetiň karary bilen.

Ygtyýarlylandyryjy edaralar kazyýetiň ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda

kararynyň kanuny güýje girmegine çenli döwür üçin görkezilenygtyýarnamanyň

hereketini togtatmaga borçludyrlar;

2) eger ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň

bozulmagy raýatlaryň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, ahlagyna, ömrüne we

saglygyna, döwletiň goranmak ukybyna we howpsuzlygyna, daşky gurşawa zyýan

(zelel) ýetirse, şeýle hem şu maddanyň birinji böleginiň üçünji tesiminde göz öňünde

tutulan halatynda ygtyýarlylandyryjy edaralaryň çözgüdi bilen.

5. Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak hakynda, ygtyýarnamanyň hereketini

uzaltmakdan we dikeltmekden ýüz öwürmek hakynda ýa-da ygtyýarnamany

ýatyrmak hakynda çözgüt kabul edilenden soň, üç iş gününiň dowamynda şeýle

çözgüdiň esaslandyrmasy bilen, ýazmaça görnüşde ygtyýarlylandyryjy edaralar

tarapyndan ygtyýarnamala habar berilýär.

6. Ygtyýarnama şu aşakdaky halatlarda hukuk güýjüni ýitirýär:

1) ygtyýarnamanyň möhleti gutaranda;

2) ygtyýarnama ýatyrylanda;

3) ygtyýarnamaly ýuridik şahs ýatyrylanda;

4) ygtyýarnamaly fiziki şahs hususy telekeçi hökmünde işini bes eden ýa-da

aradan çykan ýagdaýynda;

5) kazyýet tarapyndan fiziki şahsyň kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby

çäklendirilen diýlip ykrar edilende;

6) ygtyýarnamalynyň arzasynyň esasynda ygtyýarnamanyň hereketini

möhletinden öň bes etmek hakynda ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan çözgüt

kabul edilen mahalynda.

7. Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak ýa-da onuň hereketini

uzaltmakdan, ýa-da dikeltmekden ýüz öwürmek hakynda, şeýle hem ygtyýarnamany

ýatyrmak hakynda çözgüde ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama gözegçiligi

edarasyna, ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner.

18-nji madda. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri we ygtyýarnamalynyň işi

hakyndaky maglumatlara barlag geçirmegiň tertibi

1. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen arzada we resminamalarda özi

hakda bar bolan maglumatlaryň dolulygyna we dogrulygyna, ygtyýarnamanyň

talaplarynyň we şertleriniň ýerine ýetirilmeginiň mümkinçiligine, şeýle hem

ygtyýarnamaly hakyndaky maglumatlara we onuň ygtyýarnamanyň talaplaryny we

şertlerini berjaý edişine barlag geçirmek ygtyýarlylandyryjy edaralar ýa-da

ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan tabşyryk berlen olaryň düzüm birlikleri

tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ygtyýarlylandyryjy edara barlaglar geçirende:

1) ygtyýarnamanyň dalaşgärinden we ygtyýarnamalydan zerur resminamalary,

düşündirişleri we maglumatlary soraýar we alýar;

2) barlaglaryň netijeleriniň esasynda ýüze çykarylan düzgün bozulmalary

görkezmek bilen ykrarnamalary düzýär;

3) ýüze çykarylan düzgün bozulmalary düzetmek boýunça olary düzetmegiň

möhletlerini görkezmek bilen, ygtyýarnamala talaplary bildirýär;

4) ygtyýarnamanyň hereketini togtadyp bilýär;

5) zerur halatlarda degişli ygtyýarly edaralardan hünärmenleri (bilermenleri)

çekip bilýär;

6) şahsy ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrmakda

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine laýyklykda

günäli bilip, ygtyýarlylandyrylmaga degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrandygy

üçin şahsdan işi ygtyýarnamasyz amala aşyrmakdan alnan peýdany Türkmenistanyň

merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine geçirmek görnüşinde maliýe jerimesini

ulanmak hakynda çözgüt kabul edýär, eger şahs tarapyndan maliýe jerimesi meýletin

tölenilmedik halatynda kazyýete hak isleýiş arza bilen ýüz tutýar we

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hak isleýjä degişli edilen hukuklary

amala aşyrýar. Maliýe jerimesiniň möçberi şeýle peýdanyň möçberinden tölenen

salgytlaryň möçberine laýyklykda azaldylýar.

Eger geçirilýän barlaglaryň barşynda peýdanyň we degişli çykdajylaryň hasaba

alynmandygy ýa-da şeýle maglumatlaryň berilmeýändigi ýüze çykarylsa, onda

ygtyýarlylandyryjy edara (beýleki gözegçilik edarasy) özünde bar bolan

maglumatlaryň esasynda, degişli ýagdaýlarda harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň)

kesilen bahasyny, 25 göterim möçberinde (söwda işleri üçin – haryt dolanyşygynyň

8 göterimi möçberinde) düşewüntliligi ulanyp, peýdanyň çak edilýän möçberini

hasaplamaga we bellemäge haklydyr. Peýdanyň çak edilýän möçberini hasaplamaga

we bellemäge doly mümkinçilik bolmadyk halatynda ygtyýarlylandyryjy edara ony

kesgitlemek üçin degişli ygtyýarly edaralara ýüzlenmäge haklydyr;

7) beýleki zerur hereketleri amala aşyrýar.

3. Ygtyýarlylandyryjy edara, bu edara tarapyndan ygtyýarlylandyrylmaga

degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan taraplary ýüze çykarmak maksady bilen,

ygtyýarnamanyň dalaşgäri we ygtyýarnamaly bolup durmaýan

şahslaryň barlaglaryny delilli esas bolan halatynda geçirmäge haklydyr.

Barlagyň netijeleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edara:

1) öz barlagynyň netijeleri boýunça ykrarnamanyň düzülen senesinden, şeýle

hem beýleki gözegçilik ediji edaralar tarapyndan amala aşyrylan barlaglaryň

ykrarnamalarynyň gelip gowşan senesinden otuz senenama gününiň dowamynda

ygtyýarlylandyrmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň

bozulandygy ýa-da bozulmandygy barada çözgüt çykarýar we Türkmenistanyň

kanunçylygyna laýyklykda zerur bolan hereketleri amala aşyrýar;

2) şu maddanyň ikinji böleginiň 6-njy bendinde göz öňünde tutulan hereketleri

amala aşyrýar.

4. Beýleki gözegçilik ediji edaralar özleriniň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:

1) geçirilýän resminamalaýyn barlaglaryň barşynda şu Kanunyň talaplarynyň

berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar we düzgün bozulmalar ýüze

çykarylanda olar barada ygtyýarlylandyryjy edaralara habar berýärler;

2) ygtyýarlylandyryjy edaralaryň başlangyjy bilen ygtyýarlylandyrylmaga

degişli işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan taraplary ýüze çykarmak üçin geçirilýän

barlaglara gatnaşýarlar.

5. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri (ygtyýarnamaly), barlaglar geçirilende zerur

bolan resminamalary, düşündirişleri we maglumatlary ygtyýarlylandyryjy edaralara

bermäge borçludyr.

19-njy madda. Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawy

1. Ygtyýarlylandyryjy edaralar şu maddanyň üçünji böleginde bellenilen

möçberde işiň özleri tarapyndan ygtyýarlylandyrylýan görnüşleri boýunça

Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar binýadyny döredýärler we:

1) ygtyýarnamany bermek, ygtyýarnama goşmaça girizmek, ygtyýarnamany

gaýtadan resmileşdirmek, onuň hereketini togtatmak, dikeltmek ýa-da bes etmek,

şeýle hem ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda çözgüdiň kabul edilen;

2) ýuridik şahsyň we hususy telekeçileriň döwlet tarapyndan bellige alyş

edaralaryndan ýuridik şahsy ýatyrmak ýa-da ony üýtgedip gurmak hakynda, hususy

telekeçiniň işini bes etmek hakynda habary alan;

3) ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda kazyýetiň kanuny güýje giren kararynyň

alnan gününden soň gelýän günden gijä galman degişli maglumatlary olara

girizýärler.

Ygtyýarlylandyryjy edaralar ygtyýarnama gözegçiligi edarasyna özleri

tarapyndan ygtyýarlylandyrylýan işiň görnüşleri boýunça Ygtyýarnamalaryň döwlet

sanawynyň maglumatlar binýadyny hasabat döwründen soň gelýän aýyň birinji

günündäki ýagdaýa görä her aýda kagyz we (ýa-da) elektron göterijilerinde bermäge

borçludyrlar.

2. Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar banky

ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan her aýyň birinji günündäki ýagdaýa görä

berilýän Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynyň maglumatlar binýatlaryny

birleşdirmek arkaly döredilýär.

3. Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynda şu aşakdakylar görkezilýär:

1) şu Kanunyň 15-nji maddasynyň birinji böleginde, şeýle hem

ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamalarda bellenilen maglumatlar;

2) ygtyýarlylandyryjy edaralar hakynda maglumatlar;

3) ygtyýarnamanyň berilmegi, ygtyýarnama goşmaçanyň girizilmegi,

ygtyýarnamanyň gaýtadan resmileşdirilmegi we hereket ediş möhletiniň

uzaldylmagy hakynda arzanyň ygtyýarlylandyryjy edaralar tarapyndan kabul edilen

senesi hakynda maglumatlar;

4) ygtyýarnamanyň bellige alnan senesi we tertip belgisi;

5) ygtyýarnamanyň hereketini togtatmagyň we dikeltmegiň esaslary we

möhleti;

6) ygtyýarnamany ýatyrmagyň esaslary we senesi;

7) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmagyň hakyky ýerleşýän

ýeri;

8) ygtyýarnamanyň hereketini möhletinden öň bes etmegiň esasy we senesi.

4. Ygtyýarlylandyryjy edaralar özleriniň ygtyýarlylandyrýan işiniň görnüşleri

boýunça Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawynda bar bolan maglumaty:

1) Türkmenistanyň salgyt we beýleki gözegçilik edaralaryna olaryň soramagy

boýunça;

2) ygtyýarnamalylara, degişli arzanyň ygtyýarlylandyryjy edaralara gelip

gowşan gününden başlap üç iş gününiň dowamynda olardan göçürmeler görnüşinde

berýärler.

5. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatynda

ygtyýarlylandyryjy edaralar özleriniň ygtyýarlylandyrýan işiniň görnüşleri boýunça

Ygtyýarnamalaryň döwlet sanawyndan degişli maglumatlary özleriniň resmi

Internet-saýtlarynda ýerleşdirip bilerler.

20-nji madda. Döwlet pajy

Ygtyýarnamanyň berilmegi, ygtyýarnama goşmaçanyň girizilmegi

(kanunçylygyň üýtgänligi üçin girizilýän goşmaçalardan başga), ygtyýarnamanyň

gaýtadan resmileşdirilmegi, ygtyýarnamanyň öwezliginiň (dublikatynyň) berilmegi

üçin möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen döwlet pajy tölenilýär.

Ygtyýarlylandyryjy edaralar fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan

ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň ygtyýarnamasyz amala aşyrylmagyndan alnan

peýdany Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine almak hakynda

kazyýete hak isleýiş arzasy bilen ýüz tutan halatlarynda, döwlet pajyny tölemekden

boşadylýarlar.

21-nji madda. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň we

ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işini maliýeleşdirmek

1. Ygtyýarnama gözegçiligi edarasynyň işini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň

Merkezleşdirilen býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň işini maliýeleşdirmek:

1) býujetden maliýeleşdirilýänlerde – Türkmenistanyň Merkezleşdirilen

býujetinden olary saklamak üçin berilýän serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar;

2) býujetden maliýeleşdirilmeýänlerde – öz serişdeleriniň hasabyna amala

aşyrylýar.

IV BAP. YGTYÝARLYLANDYRYLMAGA DEGIŞLI IŞIŇ GÖRNÜŞLERI

22-nji madda. Amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalar talap edilýän işiň

görnüşleriniň sanawy

1. Işiň aşakdaky görnüşleri şu Kanuna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga

degişlidir:

1) lukmançylyk işi;

2) farmasewtik iş;

3) lukmançylyk-tehniki işi;

4) dezinfeksiýa, dezinseksiýa we deratizasiýa işlerini geçirmek boýunça iş;

5) weterinariýa işi;

6) tohumçylyk işi;

7) tebigy baýlyklary peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça iş;

8) nebit önümlerini we ýangyç-çalgy materiallaryny ýerlemek boýunça iş;

9) spirti, alkogolly önümleri, temmäki önümlerini öndürmek, getirmek we

ýerlemek babatynda iş;

10) çagalar üçin süýt garyndylaryny, süýt we beýleki iýmitlendiriji önümleri,

bir görnüşe getirilen iýmitleri öndürmek işi;

11) sarp edijileri gaplanan agyz suwy bilen üpjün etmek babatynda iş;

12) senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de

howply ýükleri daşamak babatynda iş;

13) ýangyn howpsuzlygy babatynda iş;

14) awiasiýa işi;

15) deňiz we içerki suw ulagynda daşamak işi;

16) ulag-ekspedisiýa işi;

17) awtomobil ulagynda daşamak işi;

18) elektroenergetika babatynda iş;

19) aragatnaşyk babatynda iş;

20) kiber howpsuzlyk babatynda iş;

21) himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda iş;

22) geodeziýa we kartografıýa işi;

23) gurluşyk babatynda iş;

24) bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işi;

25) neşirýat işi;

26) çaphana işi;

27) syýahatçylyk işi;

28) humarly oýunlar we pula oýnalýan oýunlar bilen baglanyşykly iş;

29) auditorçylyk işi;

30) ätiýaçlandyryş babatyndaky iş;

31) gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işi;

32) baha kesmek işi;

33) bank işi;

34) gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar bilen baglanyşykly iş;

35) fiziki we ýuridik şahslara hukuk kömegini bermek işi;

36) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we prekursorlaryň dolanyşygy

çygryndaky iş;

37) raýatlary daşary ýurtlarda işe ýerleşdirmek bilen baglanyşykly iş;

38) medeniýet we sungat çygryndaky iş;

39) audio, wideo we kino önümlerini köpçülikleýin görkezmek we ýaýratmak

bilen baglanyşykly iş.

2. Işiň beýleki görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagyň girizilmegi diňe şu Kanunda

göz öňünde tutulan, amala aşyrmak üçin ygtyýarnamalar talap edilýän işiň

görnüşleriniň Sanawyna goşmaçalary girizmek arkaly mümkindir.

3. Ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama bilen ygtyýarlylandyrylmaga

degişli işiň aýry-aýry görnüşleriniň düzüminde önümleriň, işleriň we hyzmatlaryň

kiçi görnüşleri we (ýa-da) sanawy bellenilip bilner.

23-nji madda. Işi ygtyýarnamasyz amala aşyrýan ýuridik şahslar

1. Şu aşakdakylar işi ygtyýarnamasyz amala aşyrmaga haklydyrlar:

1) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda döredilip,

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan düzgünnamasynda

işiň degişli görnüşleri göz öňünde tutulan döwlet karhanalary, işiň şol görnüşleri

boýunça;

2) işiň degişli görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýan

ygtyýarlylandyryjy edaranyň düzümine girýän, işiň bu görnüşlerini amala aşyrýan

döwlet kärhanalary;

3) erkin ykdysady zolagyň (milli syýahatçylyk zolagy we beýlekiler) çäginde

işi bellenilen tertipde amala aşyrýan şahslar, görkezilen iş bu zolagyň çägi bilen

çäklenýän şertinde we (ýa-da) konsessiýa şertnamasynyň şertlerinde;

4) Türkmenistanyň halkara şertnamasynyň ýa-da Türkmenistanyň Ministrler

Kabinetiniň çözgüdiniň esasynda bellenilen tertipde döredilen, bilim bermek we

işgärleri hünäre taýýarlamak işini şahamçalarynyň üsti bilen amala aşyrýan, bu işi

Türkmenistanda amala aşyrmaga daşary ýurt döwletiniň rugsady (ygtyýarnamasy)

bolan bilelikdäki bilim edaralary, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň bilim

edaralary.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen şahslar ygtyýarlylandyrmak

hakyndaky Düzgünnamalar bilen bellenilen ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini

ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

V BAP. IŞIŇ AÝRY-AÝRY GÖRNÜŞLERINI

YGTYÝARLYLANDYRMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ

KANUNÇYLYGYNYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN

JOGAPKÄRÇILIK. JEDELLERI ÇÖZMEK

24-nji madda. Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda

Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

1. Ygtyýarlylandyryjy edaralaryň wezipeli adamlary ygtyýarlylandyrmak

amala aşyrylan mahalynda öz borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmedik we hukuga

garşy hereketleri (hereketsizligi) amala aşyran halatlarynda Türkmenistanyň

kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

2. Ygtyýarnamany bermekden, ygtyýarnama goşmaça girizmekden, gaýtadan

resmileşdirmekden, ygtyýarnamanyň hereketini uzaltmakdan, dikeltmekden,

ygtyýarnamanyň öwezligini (dublikatyny) bermekden esassyz ýüz öwrülmegi ýa-da

ygtyýarnamalynyň hukuklarynyň bozulmagy bilen dörän ýitgileriň öwezini dolmak

Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

3. Ygtyýarlylandyrylmaga degişli işiň fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan

ygtyýarnamasyz amala aşyrylmagy ýa-da olar tarapyndan ygtyýarlylandyryjy

edaranyň ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak hakynda çözgüdiniň bozulmagy

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

Şeýle işden alnan peýda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde

Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine alynmaga degişlidir.

25-nji madda. Jedelleri çözmek

Ygtyýarlylandyrmak bilen baglanyşykly jedeller Türkmenistanyň

kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

26-njy madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

1. Şu Kanun 2020-nji ýylyň 1-nji aprelinden herekete girizilýär.

2. Türkmenistanyň şu Kanuna çapraz gelýän kanunlary we beýleki

kadalaşdyryjy hukuk namalary onuň herekete girizilen gününden gijä galman şu

Kanuna laýyk getirilmäge degişlidir.

3. Şu Kanunyň 22-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrmak üçin

ygtyýarnamalar talap edilýän işiň görnüşleriniň sanawynda bellenilmedik işiň aýryaýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak şu Kanunyň herekete giren gününden başlap

togtadylýar.

4. Şu Kanunyň herekete girizilmegine çenli döwürde fiziki we ýuridik şahslara

berlen ygtyýarnamalar:

1) eger olar şu Kanunyň 22-nji maddasynda bellenilen işiň aýry-aýry görnüşleri

üçin berlen bolsa, olaryň hereket ediş möhletiniň gutarmagyna çenli hukuk güýjüne

eýedirler;

2) eger olar şu Kanunyň 22-nji maddasynda bellenilmedik işiň aýry-aýry

görnüşleri üçin berlen bolsa, şu Kanunyň herekete girizilen gününden başlap güýjüni

ýitiren diýlip ykrar edilýär.

Türkmenistanyň Gurbanguly

 Prezidenti Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.

№ 205-VI.

IV BAP. YGTYÝARLYLANDYRYLMAGA DEGIŞLI IŞIŇ

GÖRNÜŞLERI

Türkmenistanyň Gurbanguly                                                               Prezidenti Berdimuhamedow

Aşgabat şäheri.

2019-njy ýylyň 30-njy noýabry.

№ 205-VI.