Şu ýyl Türkmenistanda döwrebap obalar we şäherçeler, täze desgalar açylar

«Türkmenawtoulaglary» agentligi Hytaýdan 700 sany täze awtobuslary satyn alar

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

Türkmenistan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmäge taýýarlyk görüp başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

2024-nji ýylda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze sepgitlere ýetdi – Bektenow

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Halkara zenanlar güni mynasybetli «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde dabara geçirildi

Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň mejlisler zalynda dabaraly duşuşyk geçirildi.

Çäräniň dowamynda zenanlara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan güller we pul sowgatlary gowşuryldy.

Baýramçylyk çäresi Watanyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýan türkmenistanly aýal-gyzlara goýulýan çäksiz hormatyň aýdyň subutnamasy boldy.

Çärä gatnaşyjylar zenanlary baýramçylyk bilen gutladylar we ýurduň telekommunikasiýa pudagynyň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşýandyklaryny bellediler.

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginde geçirilen dabaraly çäre türkmen jemgyýetinde zenanlara goýulýan hormatyň aýdyň beýanyna öwrüldi.