
Türkmenistan Tailand Patyşalygynda ilçi belledi
Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalow, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 18-nji iyulda degişli Permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.